Chevening talyp haky maksatnamasy 2022

English
Möhleti
02.11.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Chevening – Beýik Britaniýanyň hökümetiniň halkara talyp haky maksatnamasydyr. Talyp haky Beýik Britaniýada magistr derejesinde bir ýylyň dowamynda okamak üçin berilýär.

Gerekli resminamalar

Chevening-iň dalaşgärleri bilim şahadatnamalaryny, maslahat hatlaryny we Angliýanyň bir uniwersitet teklibini tabşyrmaly. Arza bermegiň möhletleri tertipde görkezilýär: https://www.chevening.org/scholarships/application-timeline/

Kriteriýalar:

  • Chevening maksatnamasynyň gatnaşyjy döwletleriň raýaty bolmaly.
  • Okuwy gutarandan soň azyndan iki ýyllap öz ýurduňyzda ýaşamaly.
  • Azyndan iki ýyl iş tejribäňiz bolmaly.
  • Üç ugura arzalary tabşyrmaly we olaryň birinden teklip almaly.
  • “Chevening” iňlis diliniň talaplaryny kanagatlandyrmaly.

Iş tejribesiniň kabul ederlikli görnüşleri:

  • Doly iş güni.
  • Doly däl iş güni.
  • Meýletin iş.
  • Tölegli ýa-da tölenmedik tejribe.

Artykmaçlyklary:

Chevening talyp haky Angliýanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär:

  • Mugt bilim;
  • aýlyk stipendiýa;
  • uçuş petekliriň tölegleri ödenýär;
  • gelende pul kömegi;
  • ýurtdan çykmaga rugsat;
  • wiza çykdajylary ödenýär;
  • Angliýadaky Chevening çärelerine gatnaşmak üçin syýahat stipendiýalary.

Iňlis dili boýunça talaplar:

  • Pearson PTE Academic
  • TOEFL iBT
  • IELTS Academic
  • C1 Advanced (formerly Cambridge English: Advanced [CAE])
    Trinidad ISE II (B2)

Arza tabşyryş üçin maslahatlar:

1) Mümkin bolsa, Google Chrome web brauzerini ulanyň. Jübi telefony ýa-da planşet däl-de, noutbuk ýa-da kompýuter ulanmak maslahat berilýär.

2) “Back” we “forward” düwmelerine basmaň. Olary ulansaňyz maglumatlary ýitirersiňiz. Sahypada hereket etmek üçin menýuny ulanyp bolarsyňyz.

3) Ulanyjy adyňyzy we parolyňyzy ýadyňyzda saklaň. Bu ulgama girişi ýeňilleşdirer.

4) Takyk maglumatlary beriň. Eger haýsydyr bir maglumat üýtgese, ulgamda hem üýtegedeniňize göz ýetiriň. Ikinji e-mail salgysyny girizseňiz, onuň dogrudygyna we birinji adresiňizden tapawutlydygyna göz ýetiriň.

5) Arzany doldurmak üçin birneme wagt gerek bolup biler, şonuň üçin jogaplaryňyzy öňünden taýýarlamagy, soň bolsa maglumaty girizmegi göz öňünde tutuň.

6) Ulgamda jogap bermeli birnäçe sorag bar. Jogap bereniňizde azyndan 100 sözden 500 söze çenli ulanyp bilersiňiz, şonuň üçin bulary ýadyňyzda saklaň. Jogaplaryňyz 100 sözden az bolsa, kabul edilmez.

7) Ähli jogaplary saklaň. Ulgamyň awtomatiki tygşytlaýyş aýratynlygy ýok we maglumat girizýän bolsaňyzam, her sessiýa 60 minutdan soň ýapylýar. Saklanmadyk maglumatlar ýitiriler, şonuň üçin oolary saklamak maslahat berilýär.

8) Arzany bir gezekde doldurmak hökman däl.

9) Plagiat ulanmaň. Beýleki çeşmelerden alnan mazmun jogap bermek üçin ulanylsa, bu göçürilen ýaly hasap ediler we arzaňyz kabul edilmez. Şonuň üçin jogaplaryňyzyň asyldygyny we beýleki çeşmelerden alynmadygyny üns bilen barlamaly.

10) Arzalar iňlis dilinde tabşyrylmaly. Başga dilde arzalar kabul edilmez.

11) Ýüklejek faýllaryňyzyň göwrümini we görnüşini barlaň we talaplara laýyk gelýändigine göz ýetiriň. Diňe 5MB ululykdaky JPG / PNG / PDF resminamalary kabul edilýär. Faýl atlarynyň uzynlygy 50 simwoldan azdygyna göz ýetiriň.

12) Arzaňyzy diňe doly taýyn bolandygyňyzda tabşyryň. Tabşyrylandan soň aragatnaşyk maglumatlary bölümi we resminamalary ýüklemekden başga arzaňyzy üýtgedip bilmersiňiz.

13) Diňe bir arzany tabşyrmagyň mümkindigini ýadyňyzdan çykarmaň. Diňe ilkinji anketa kabul edilýär. Ulgamdan çykmak üçin bir sebäp görkezmeli bolarsyňyz. Arzaňyzy ret etmek kararyna gelseňiz, indiki ýyla çenli başga bir arzany iberip bilmersiňiz.

Arza görkezmeleri: https://www.chevening.org/scholarships/guidance/

Arza tabşyryş ulgamy:  https://chevening.smartsimpleuk.com/s_Login.jsp

Arza tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 2-i, 12:00 (GMT).

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.chevening.org/scholarship/turkmenistan/