ABŞ-da okamak üçin doly talyp haky (Kotzen Scholarship)

English
Möhleti
01.12.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Gilbert and Marcia Kotzen talyp haky maksatnamasy ABŞ-nyň Boston şäherindäki Simmons uniwersitetinde iň zehinli bakalawr derejesiniň dalaşgärlerine beriljek bäsdeşlik baýragydyr. Bu talyp haky okuw we ýaşaýyş çykdajylaryndan ybarat bolýar we goşmaça 3000 dollar mukdarynda daşary ýurtda okamak, gözleg goldawy we ş.m. akademiki işler üçin sarp edilip bilner. TOEFL we SAT ýa-da ACT synaglarynyň şahadatnamalary bilen iňlis diliňizi tassyklamaly, 3000 dollar nirä sarp etjekdigi we liderlik barada 2 düzme ýazmaly.

Kriteriýalar:

  • 2021-nji ýylyň güýz möwsümine arzany tabşyrýan talyplardan indiki synag netijeleri talap edilýär: ACT boýunça azyndan 28, SAT synagyndan 1300.
  • Iňlis dili ene dili bolmadyk dalaşgärler TOEFL we SAT ýa-da ACT synaglaryň netijelerini tabşyrmaly.
  • Ortaça baha 3.3 ýa-da has ýokary dereje.
  • Orta mekdebiň soňky ýylynda ýa-da ondan ozal ýokary matematika dersini goşmak bilen, kollejiň taýýarlyk programmasy.

Arza bermek prosesi:

Programma gysga jogaplardan we düzmeden, rezýuneden , şol sanda çärelerden ybaratdyr. Talyplar öz düzmelerini we CV-lerini PDF ýa-da Word Doc görnüşinde e-mail bilen ugadm@simmons.edu 1-nji dekabra çenli «Kotzen Application» mowzugy bilen tabşyrmaly. Resminamanyň her sahypasynda dalaşgäriň doly ady we doglan senesi bolmaly.

Bellik: Faýly dogry formatda (PDF ýa-da Word) tabşyrmak dalaşgäriň jogapkärçiligidir.

Düzme maslahatlary:

Düzme 250 sözden köp bolmaly däldir. Jogap berilmeli sorag: How would you use your additional annual award of $3,000 (for study abroad, short-term courses, summer internship tuition, and/or research support)?

  • Resmi düzme (500 sözden köp bolmaly däl): Some people argue that leaders are born, not made, while others defend the opposite view, namely that leaders are “made.” Pikiriňizi beýan edýän düzme ýazyň. Taryhdan ýa-da şahsy tejribäňizden belli bir lideriň mysalyny belläň.

Finalçylar fewral aýynda söhbetdeşlik geçmeli bolarlar.

Arza bermegiň soňky möhleti: 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-i.

Talyp hakynyň ýeňijilerine 1-nji martda habar beriler.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.simmons.edu/undergraduate/admission-and-financial-aid/tuition-financial-aid/types-financial-aid/scholarships/kotzen