Akademik V.G. Kostomarow adyndaky ynsanperwer gözleglere we ýaşlaryň taslama başlangyçlaryna grant bäsleşigi

Möhleti
19.08.2021
Arza göýbermek

Orta hünär we ýokary bilim guramalarynyň talyplaryny, aspirantlaryny, mugallymlaryny, alymlaryny we 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň ýaş hünärmenlerini akademik V.G. Kostomarow adyndaky ynsanperwer gözleglere we ýaşlaryň taslama başlangyçlaryny goldamak bäsleşigine çagyrýarlar.

Bäsleşik iki ugurdan ybarat:

  1. GDA ýurtlarynda rus dilini we medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen maglumat we bilim taslamalary. Formatlary gaty üýtgeşik bolup biler: rus dili baradaky bloglar, web sahypalary, sosial ulgamlardaky sahypalar we ş.m.
  2. Dürli tematiki ugurlar boýunça gözleg taslamalary: rus diliniň GDA ýurtlarynda işlemegi, rus dili boýunça usulyýet gözlegleri we rus dilini öwretmekde interaktiw kurslary ulanmak.

Bäsleşige aýratyn gatnaşyp bilersiňiz ýa-da 5-den köp adam bolmaýan topar arzany tabşyryp bilersiňiz. Her bir gatnaşyjy, topar taslamasyna gatnaşmagy goşmak bilen, bäsleşigiň çäginde birden köp arzany tabşyryp bilmezler.

Bäsleşige gatnaşan 10 adam ýeňiji bolar. Grantyň umumy gaznasy 500 müň rubl, bu bolsa her bir ýeňijiniň öz taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 50 müň rubl aljakdygyny aňladýar.

Arzany tabşyrmak üçin: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf5bA0EX1EyTFFHXzkKht2C0GKvMUyKSzIXFDAbKjeaU3pcEQ/viewform

Üns beriň: Giriş üçin e-mail gmail.com-da hasaba alynmaly (meselem, google hasaby gerek).

Bäsdeşlik düzgünleri: http://www.pushkin.institute/news/Polozhenie_O_Konkurse_Grantovoy_Poderzhki.pdf

Arza tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 19-y.

Has giňişleýin maglumat üçin: http://sng.pushkin.institute/