BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy Türkmenistan boýunça koordinator gözleýär

Möhleti
Arza göýbermek

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy (COY), COY-nyň 16-njy sessiýasynda ýurduň ýaşlarynyň seslerine ýolbaşçylyk we wekilçilik etmek üçin Türkmenistan boýunça gujurly, işjeň we höwesli ýaş koordinator gözleýär.

Ýörelgelere laýyklykda, Ýaşlar konferensiýasy her ýyl BMG-nyň geçiriljek ýurdunda Taraplaryň konferensiýasy (COP) diýlip hem atlandyrylýan BMG-nyň Howanyň üýtgemegi konferensiýasynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu ýyl COY16 28-31-nji oktýabrda Angliýanyň Glazgoda geçiriler, bu ýerde dünýäniň dürli künjekleriniň ýaşlary BMG-nyň howanyň üýtgemegi konferensiýasyna taýýarlyk görerler.

Ýaşlar konferensiýasy maksatnamasy umumy we meňzeş bölüniş sessiýalaryny, başarnyklary ösdürmek boýunça seminarlardan we sosial ulgam çärelerini. COY16 üçin iň möhüm netije, ýaşlaryň sesini resmi taýdan görkezmek üçin BMG-nyň howa gepleşiklerine hödürlenjek strategiki resminamanyň işlenip düzülmegi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ýaşlaryna bütin dünýäde wekilçilik ediň.

Arzany onlaýn tabşyryň: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScNBTE9lTaTzQXy6RH4dQmXu7qF_sBmw-BKf79iiMyL-kJuhg/viewform

Şeýle-de hem, COY 16 wekili bolup bilersiňiz, indiki sahypa bilen hasaba alyň https://ukcoy16.org/?fbclid=IwAR2cqXAL_XXPtgVSvjjpQ3sTxi7v2Xcz_cuTYIdBKw6UKLLiePxsF5Q_st4 we dünýädäki iň uly we iň möhüm ýaşlar konferensiýasynda Türkmenistana wekilçilik ediň.

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar konferensiýasy (COY) – YOUNGO bilen hyzmatdaşlykda dünýädäki çagalar we ýaşlar guramalary tarapyndan gurnalan çäre. YOUNGO – Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (UN FCCC) resmi ýaşlar jemgyýeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýaşlar boýunça wekili tarapyndan resmi taýdan tassyklanan birleşikdir.

2021-nji ýylda Ýaşlar konferensiýasy 16 ýaşyny doldurýar we howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň durnuklylygy boýunça işleýän 140-dan gowrak ýurtdan müňlerçe ýaş imanlylary birleşdiren iň uly we iň uzyn ýaşlar çäresi diýlip atlandyrylýar. Ýaşlar üçin COP-e gatnaşmaga taýýarlamak üçin mümkinçilikleri artdyrmak we syýasaty öwretmek platformasy bolup hyzmat edýär. BMG-nyň klimat gepleşiklerinde ýaşlaryň resmi garaýşyny gönüden-göni öňe sürmek mümkinçiligi üçin ýaşlaryň iň möhüm ýygnanyşygy hem diýilýär.

Wagt: 2021-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 31-nji oktýabryna çenli.

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/38828/konferenciya-molodezhi-oon-po-izmeneniyu-klimata-ishchet-koordinatora-po-turkmenistanu