Aziýanyň Ösüş Bankynda (AÖB) tölegli tejribe

Möhleti
15.09.2021
Arza göýbermek

AÖB tejribe maksatnamasy, tejribe üçin 60-dan gowrak ýurtda ýerleşýän dürli iş şertlerinde işlemek üçin mümkinçilikdir. Bu ýokary okuw jaýlaryň uçurymlary üçin dünýä derejesindäki hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky gözleglere we ýumuşlara esaslanyp hünär tejribe toplamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Tölegli tejribäniň maksady – uly üstünlik gazanmak üçin zehinli uçurymlary bir ýere jemlemek.

Tejribe döwlet we hususy pudaklarda ykdysady täsire we ösüşe mümkinçilik döretdi. Talyplar, isleýän taslamalara arzalaryny tabşyryp bilerler we işlemäge mümkinçilik alarlar. AÖB häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüş, waksina üpjünçiligi, bilim, maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk arkaly pandemiýa täsiri bilen baglanyşykly dürli taslamalaryň üstünde işleýär.

Tejribäniň dowamlylygy: 8-den 26 hepdä çenli.

Kriteriýalar:

  • Dalaşgär magistr ýa-da doktorlyk derejesiniň talyby bolmalydyr.
  • Ýokary derejede iňlis dili bilimi.
  • AÖB-nyň işi bilen baglanyşykly ugurda akademiki gözleglere ünsli bolmaly.
  • Dalaşgärler AÖB döwletleriň raýatlary bolmaly.
  • Dalaşgärler AÖB-nyň taslamalarynyň birinde bilim almaly.

Arza bermek prosesi:

– Dalaşgärler arzalaryny onlaýn görnüşinde tabşyrmaly.

– AÖB-de degişli ornyny saýlamaly.

– Beýýannamany we CV-ny ýüklenmeli.

– Eseriň ähli soraglaryna dogry jogap berilmelidir.

– Dalaşgäriň gyzyklanmasyny görkezýän höweslendiriş haty.

Arzany tabşyrmak üçin: https://aces.adb.org/

2021-nji ýyl üçin tabşyryş möhleti:

  • 1-nji tabşyryş: 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 15-den sentýäbr aýynyň 15-ne çenli.

Başlanýan senesi: 2022-nji ýylyň ýanwar aýy

  • 2-nji tabşyryş: 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-den 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne çenli.

Başlanýan senesi: 2022-nji ýylyň iýun aýy

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.adb.org/work-with-us/careers/internship-program#accordion-0-11