Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurtlarda hususy tertipde bilim almaga ibermegiň wagtlaýyn TERTIBI

102
thumbnail

22.06.2021                                                                                                                         №04/65043

                                                                                                        Türkmenistanyň Merkezi bankyna

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşin adatdan daşary toparynyk 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen mejlisinde pandemiýa zerarly dowam edýän çäklendirmeleri, ýurdumyzyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletierinde bilim almak bilen bagly ýüztutmalaryny nazara alyp, hereket edyän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hususy tertipde daşary döwletlerde bilim almaga isleg bildirýän raýatlarymyzy daşary ýurtlara ugratmak bilen bagly meseleleriň öwrenmeklik hem-de teklipleriň taýýarlanylmagy tabşyryldy.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda», «Bilim hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de ýurdumyzda hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, ýokarda agzalan toparyň agzalarynyň wekillleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurtlarda hususy tertipde bilim alrnaga ibermegiň wagtlaýyn tertibiniň» taslamasy taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan tertibiň taslamasyny garamagyňyza iberýäris.

Goşundy: 4 (dört) sahypa

 

Ministeriň orunbasary                                                                    W. Hajiýew

 

Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurtlarda hususy tertipde bilim almaga ibermegiň wagtlaýyn TERTIBI

I bap. Umumy düzgünler.

  1. Şu Tertip Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Bilim hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda”, “Migrasiya hakynda” we “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň çözgütlerine layyklykda işlenip tayyarlanyldy.
  2. Şu Tertip adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe (pandemiýa) hususy tertipde okuw maksady bilen daşary ýurt döwletlerine gitmäge rugsat berilýän Türkmenistanyň rayatlarynyň hareketlerini düzgünleşdirýär.
  3. Şu Tertip dünýäde girizilen çäklendirmeler sebäpli daşary ýurt döwletlerinde bilim almaga iberilýän raýatlaryň toparyna aşakdakylar degişlidir:

– Hususy tertipde daşary ýurt döwletlerinde ilkinji yokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiya sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik raýatlar.

– Hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga gidýän rayatlar.

 

II bap. Daşary ýurtlara okuw maksatly gitmegin tertibi

  1. Şu Tertibiň üçünji böleginde görkezilen raýatlar okuw maksatly daşary ýurt döwletlerine gitmek üçin ýaşayan ýerleri boýunça Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Baş bilim müdirliklerine ýa-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we onuň welaýatlardaky wekilhanalaryna arza bilen ýüz tutýarlar.

Arza şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

  • Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim ugrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň resmi ya-da çakylyk haty, we onuň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjimesi;
  • Türkmenistanyň raýatynyň pasporty (nusgasyny).
  • Harby borçlular üçin Harby şahadatnamasy (nusgasy) ýa-da harby gulluga çagyryşa degişli raýatlar üçin harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilendigi barada kepilnama.