Aşgabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler köşgi okuwa kabul edip başlady

Başlaýan wagty

Aşgabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler köşgi dürli ugurlar boýunça mugt okuwa çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berdi.
Bu ýyl 26 dürli kurslar işlär. Döredijilik ugurlarynda tans, teatr, halk gurallary, täsirli okamak, surat çekmek, binagärlik üçin kurslar bar.
Çeper elli zenanlar üçin haly dokamak, milli nagyş, örme, biçmeklik we tikin kurslary bar.
Bir dili ýa-da tehniki ylymlary öwrenmäge meýilli çagalar, türkmen, iňlis, rus dilleri, kompýuter sowatlylygy we başgalaryň toparlaryna gatnaşyp bilerler.
Bu kurslara mekdep ýaşyndaky çagalar 6 ýaşdan başlap kabul edýärler. Şeýle-de hem tans klubyna 5 ýaşly çagalar kabul edilýärler.
Kabul ediş 10-njy sentýabra çenli dowam eder. Okuw iki çalşykda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin:
Salgy: Aşgabat şäheri, köç. Görogly, 2
Telefon: (+99312) 27-54-43, 27-54-44
Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/39137/dvorec-detei-i-yunoshestva-v-ashhabade-provodit-nabor-v-kruzhki