
Educational Testing Service iňlis dilinde halkara synagyna taýýarlyk görmek üçin mugt kursy geçmegi teklip edýär. Bu kurs synag ulgamyna has doly düşünmäge, jikme-jikmeleri we ýokary baha almak üçin peýdaly maslahatlar bilen tanyşmaga kömek etjek hünärmenler tarapyndan işlenip düzüldi. Kurs 6 hepde üçin düzülendir, sapaklaryň wagtyny okuwçynyň özi kesgitleýär. Sapaklar hepdede 2-4 sagada çenli ybarat.
Näme barada öwrenersiňiz?
- Iňlis dilini bilimiňizi nädip ýokarlandyrmaly
- TOEFL synagynyň dört bölümini nädip netijeli dolandyrmaly: okamak, diňlemek, gürlemek we ýazmak
- TOEFL synagyna taýýarlanmaga kömek edýän maslahatlar
- TOEFL synagyna nähili baha berilýär
- TOEFL ballaryny iş, okuw, wiza we talyp haklary üçin nädip ulanmaly
- Synag wagtynda wagtyňyzy dolandyrmagyň ýollary
- TOEFL synagy barada goşmaça çeşmeleri nireden tapyp bilersiňiz
- TOEFL synagyna nädip ýazylmaly
Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.edx.org/course/toefl-test-preparation-the-insiders-guide