Halkara okuwlara gitmek barada: Soraglar we jogaplar

182
thumbnail

Daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin mümkinçilikler döredilýär.

Resminamalar nirede kabul edilýär?

Raýatlar ýaşaýan ýerleri boýunça  Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň  Baş bilim müdirliklerine  arza bilen ýüz tutmaly.

Resminamalar haýsy döwürler üçin kabul edilýär?

Ýörite  işçi topara resminamalary hödürlemek işi 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 13-nden sentýabr aýynyň 15-ine çenli wagt aralygynda guralýar.

Kimler resminamalaryny tabşyryp bilýärler?

Daşary  ýurt döwletlerinde ilkinji ýokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik, şonuň ýaly-da hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga isleg bildirýän raýatlar resminamalaryny tabşyryp bilýärler.

Haýsy resminamalar bilen ýüz tutmaly?

  1. Raýatyň okaýandygy barada kepilnama, çakylyk haty (gelip gidip bilmedik talyplar üçin), raýatyň okuwa gitjek okuw mekdebiniň çakylyk haty (dalaşgärler üçin).
  2. Raýatyň okaýandygy baradaky kepilnamanyň, çakylyk hatynyň, raýatyň okuwa gitjek okuw mekdebiniň çakylyk hatynyň türkmen diline tassyklanan tertipdeterjimesi
  3. Ýerli harby wekillikden gulluga çagyrylmakdan saklanandygy baradaky kepilnama we raýatyň ýerli harby wekilliginde hasaba alnandygy baradaky hasaba alyş kagyzy (prepisnoý), goşun gullugynda bolan raýatlar üçin harby bileti.
  4. Talybyň, raýatyň milli we daşary ýurt pasportlary.
  5. Görkezilen nusgalar boýunça maglumatlary resminamalar esasynda doldurmak.

Haýsy ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär?

Häzirki bar bolan maglumatlara görä, diňe şu aşakdaky görkezilen ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaklary üçin öz ýurtlarynyň çäklerine gelmeklerine rugsat berýändikleri barada resmi habar beren ýurtlaryň sanawy:

  1. Koreýa Respublikasy
  2. Belarus Respublikasy
  3. Ukraina
  4. Ermenistan Respublikasy
  5. Russiýa Federasiýasy
  6. Amerikanyň Birleşen Ştatlary
  7. Saud Arabystany Patyşalygy
  8. Gazagystan Respublikasy
  9. Pakistan Yslam Respublikasy
  10. Türkiýe Respublikasy
  11. Gruziýa
  12. Italiýa

Daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlaýyş maksatnamasy boýunça resminamalar kabul edilýärmi?

Häzirki ýagdaýda bu soraga “ýok” jogabyny berip bileris.

Men daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde magistratura okamak isleýärin, resminamalar kabul edilýärmi?

Häzirki ýagdaýda magistratura, internatura, ordinatura üçin resminamalar kabul edilmeýär.

Haýsy ýagdaýlarda okaýan ýokary okuw mekdebim “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýän okuw mekdepleriniň sanawyna” girýär?

2019-njy, 2020-nji ýyllarda daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik talyplar “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýän okuw mekdepleriniň sanawyna” girmeýän okuw jaýlarynda okaýan bolsalar, onda olar hasaba alynmaýar.

 

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/halkara-okuw-soraglar-we-jogaplar/