Germaniýada 2022-nji okuw ýyly üçin MIPLC DAAD doly talyp haky

Möhleti
15.10.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

MIPLC DAAD talyp haky 2022-nji okuw ýyly üçin arzalary kabul edip başlady. MIPLC, esasanam intellektual eýeçilik hukugy boýunça LLM magistr programmalary üçin magistratura we aspirantura derejeleri üçin DAAD talyp hakynyň bir bölegidir. Bu talyp haky Ýewropada hukuk boýunça derejesini almak isleýän ösýän ýurtlardan gelen dalaşgärlere doly maliýeleşdirme berýär. Maddy kömegi bolmadygy sebäpli, öz ýurdunyň daşynda LLM boýunça bilim alyp bilmeýän ýokary akademiki görkezijileri bolan talyplara artykmaçlyk berilýär.

Bu maksatnama, Maks Plank adyndaky ylmy gözleg jemgyýeti, Mýunheniň tehniki uniwersiteti, Augsburg uniwersiteti we Jorj Waşington uniwersiteti ýaly Ýewropanyň we Amerikanyň öňdebaryjy guramalarynyň bilelikdäki taslamasydyr. MIPLC DAAD maksatnamasy doly we bölekleýin maliýeleşdirilýär.

Kriteriýalar:

  • Dalaşgärler ösýän ýurtlardan bolmaly.
  • Dalaşgärler öz ýurtlarynda ýaşamaly. Iki ýyldan köp öz ýurtlarynyň daşynda ýaşaýan dalaşgärler bu maksatnama gatnaşyp bileýärler.
  • Bakalawr derejesi bolmaly.
  • Bakalawr derejesi üç ýyl dowam eden bolsa, hünär tejribesi gereklidir.
  • Bakalawr derejesiniň diplomy soňky 5 ýylda alynmalydyr, resminama tabşyrylanda alty ýyldan köp bolmaly däldir.
  • Dalaşgärleriň 2 ýyllyk hünär tejribesi bolmaly.
  • Dalaşgärler MIPLC-iň (Intellektual eýeçilik hukugy baradaky Mýunhen merkezi) kabul ediş kriteriýalaryna laýyk gelmelidir.
  • Iňlis dilini gowy bilmeli.

Artykmaçlyklary:

  • Mugt bilim.
  • Aýda 850 ýewro mukdarynda aýklyk talyp haky.
  • Talyp hakynyň dowamynda lukmançylyk we jogapkärçilik ätiýaçlandyryşy.
  • Ýol çykdajylaryň tölegi.
  • Gözleg üçin maliýeleşdirme.
  • Mugt nemes dili kurslary.

Gerekli resminamalar:

  • Gol çekilen arza
  • CV
  • Höweslendiriş haty
  • 2 hödürleýiş haty (bir hünärmen we bir akademik)
  • Diplom / dereje şahadatnamasy
  • Bahalryň transkripty (we bahalandyryş şkalasy)
  • Reýting maglumatlary
  • Orta bilim şahadatnamasy
  • Bahalary öwürülişigi
  • Hünär tejribesiniň subutnamasy
  • Iňlis dili synaglarynyň netijeleri
  • Hasaba alyş tölegi we tölegiň tassyklanmasy
  • Surat
  • Gol çekilen maliýe kömegi üçin arza
  • Ykdysady ýagdaýyň gol çekilen beýany
  • Goşmaça resminamalar
  • Gol çekilen DAAD arzasy

Arza bermek prosesi:

  • Arzany dolduryň we gol çekiň, zerur resminamalary goşuň we ýazylmak üçin ýüz tutuň.
  • Dalaşgärler diňe mugt okuwly talyp hakyny almak üçin arzalaryny tabşyrýan bolsalar, resminamalary goşmak bilen maliýe kömegi barada arzany doldurmaly we gol çekmeli we giriş üçin ýüz tutmaly.
  • MIPLC DAAD talyp hakyny almak üçin DAAD laýyklyk broşýurasyny ýükläň we okaň. Soňra giriş we maliýe kömegi üçin ýüz tutuň. Soňra DAAD talyp haky blankasyny dolduryň we arzany tabşyryň.

Giriş we talyp haklary üçin arzalar 1-nji dekabrdan indiki ýylyň 30-njy apreline çenli tabşyrylyp bilner. MIPLC DAAD talyp hakyna arzany tabşyrmagyň iň soňky güni 15-nji oktýabr. Dalaşgärler bir ýyl öňünden ýüz tutmalydyrlar.

Arza görkezmeleri: https://www.miplc.de/index.php?eID=tx_nawsecuredl&u=0&g=0&t=1630961680&hash=448d5fef8514d65a5ea1cfd3fbc1132ab57df235&file=/fileadmin/miplc/Application-Admission/ApplicationInstructions.pdf

Maksatnamanyň ulgamy: http://www.miplc.de/llm-ip/admissions/apply-now/

Arza bermegiň soňky möhleti: 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.miplc.de/llm-ip/admissions/daad-scholarship/