Hytaýyň talyp haklary 2022-2023

Möhleti
01.04.2022
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Hytaý talyp haky geňeşi, ähli daşary ýurtly talyplardan 2022-2023-nji okuw ýyly üçin CSC talyp haklary üçin onlaýn arzalary kabul edýär. Talyp haky bakalawr, magistr, aspirantura we alyş-çalyş programmalary üçin açykdyr. CSC talyp haky maksatnamasy käbir abraýly uniwersitetlerinde bilim almak üçin maliýeleşdirme hödürleýär. Bu maksatnamanyň aýratynlygy –  daşary ýurtly talyplaryň Hytaý uniwersitetleri üçin hökmany we iň kyn giriş synagy hasaplanýan Gaokao giriş synagyny tabşyrmak zerurlygy bolmadygydyr.

Bu talyp haky dünýäniň ähli ýurtlary üçin güýje girýär. Okuwa tabşyrmak üçin dalaşgär okajak ugruny saýlamaly, arzany doldurmaly we zerur resminamalary goşmaly.

Bu talyp hakynyň maksatlary – halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, medeniýeti, syýahatçylygy, bilimi we söwdany ösdürmek, hünärmenligi özgertmek mümkinçiligini döretmekdir.

Kriteriýalar:

  • daşary ýurtly talyplar;
  • bakalawr derejesini almak isleýänler üçin orta bilim şahadatnamasy. Magistr derejesini almak isleýänler üçin orta bilim we bakalawr derejesi. Doktorlyk derejesini almak isleýänler üçin ýokardaky sanalanlaryň hemmesi we magistr derejesi.

Ýaş çäkler: bakalawr derejesi üçin – 25 ýaş, magistratura üçin – 35 ýaş, doktorlyk derejesi üçin – 40 ýaş.

  • Eger-de Hytaýda başga bir talyp hakyny Kabul edýänler, bu maksatnama gatnaşyp bilmezler.

Talyp haky kategoriýalary:

A kategoriýa: doly maliýeleşdirilýän:

  • Mugt bilim
  • Mugt registrasiýa
  • Ýaşaýyş jaýy
  • Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy
  • Aýlyk stipendiýa (350-500 ABŞ dollary)

B kategoriýa: bölekleýin maliýeleşdirilýän:

  • Mugt bilim
  • Mugt registrasiýa
  • Ýaşaýyş jaýy
  • Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy

C kategoriýa: bu görnüş iň az islenýändir, sebäbi köp çykdajylary ýapmaýar we maliýeleşdirilmeýär. Okuw tölegleriňiziň belli bir göteriminden ybarat.

Arza tabşyryş usullary:

  1. Ilki bilen, Hytaýyň hökümet talyp haky maksatnamasy üçin onlaýn arzany resmi web sahypasyndan doldurmaly: https://studyinchina.csc.edu.cn/#/login

Islegiňize görä, 3 sany uniwersiteti saýlaň.

  1. Arzany dolduranyňyzdan soň, size isleýän talyp haky kategoriýasyny we saýlanan uniwersitetleriň kody soralar (kod onlaýn görnüşde bolar).
  2. Soňra zerur PDF resminamalaryny ýükläň.
  3. Resminamalary web portalynda onlaýn ýagdaýda iberiň.
  4. Soňra, uniwersiteti we ugry saýlamak üçin arzany ýüklemeli.
  5. Hytaýyň hökümet talyp hakyna arzany tabşyrmak bilen birlikde saýlan uniwersitetiňiziň web sahypasyna hem arzaňyzy tabşyryň. (Meýletin)
  6. Uniwersitet şäherçesinde zerur resminamalary tabşyryş. Resminamalary şahsy görnüşde ibermek mümkinçiligiňiz bolmasa, elektron görnüşde iberip bilersiňiz.
  7. Netijeler Hytaýyň hökümet talyp haky maksatnamasynyň resmi web sahypasynda yglan ediler. Ondan soň, okuw wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy dalaşgärleriň watanyna iberilýär.
  • Arza tabşyrmagyň açylyş senesi – 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-i.
  • Tabşyryş möhleti 2022-nji ýylyň aprel aýy.

Birnäçe uniwersitetiň tabşyryş möhleti ýokarda görkezilenlerden tapawutlanyp biler. Bu ýagdaýda şertleri degişli uniwersitetiň resmi web sahypasynda barlap bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://fully-fundedscholarships.com/china-scholarships-2022-2023-chinese-csc-scholarships-2022-application-website/