Türkiýäniň Bilim Geňeşligi: resminamalarda onlaýn nobat

Möhleti
Arza göýbermek

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Bilim Geňeşligi tarapyndan habar berilişine görä, Bilim Geňeşligi 2021-nji ýylyň 23-nji awgustyndan başlap, onlaýn nobat ulgamy arkaly resminamalary kabul edip başlady. Muňa laýyklykda, Türkiýede bilim aljak raýat elektron nobata durmaly. Alan belgisi we senesi esasynda tassyklatjak okuw resminamalaryny tabşyrýar.

Täze ulgamyň, esasan hem, welaýatlardan paýtagtymyza geljek raýatlar üçin ýeňillik döretmegine garaşylýar.

  • Mysal üçin şu gün onlaýn nobat üçin ulgama ýüz tutulan ýagdaýynda ulgam 3 günden soňrasyna nobat berýär.
  • Welaýatdan paýtagtymyza geljek raýatlarymyz onlaýn nobata durup, Aşgabada gelmezden ozal hem ähli işlerini ýerine ýetirip biler. Ol hem nobatynyň gelen güni Aşgabada gelip, işlerini gysga wagtda tamamlap biler. Bu bolsa, raýatlarymyza wagty we beýleki çykdajylary tygşytlamak üçin mümkinçilik berer.

 

Address: Embassy of the Republic of Turkey in Ashgabat, Görogly 9, 744000, Ashgabat/Türkmenistan

Telephone: (Konsullyk bölümi): +993 12 94 00 27, 94 00 29

– (Ilçihananyň esasy belgisi): +993 12 94 00 95, 94 00 80, 37 91 00, 37 91 15

– (Ilçiniň wekili): +993 12 94 14 61, 94 00 88, 37 91 31, 37 91 32

Email: embassy.ashgabat@mfa.gov.tr

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkiye-bilim-genesligi-resminamalarynda-online-nobat/