Hytaýda Yenching Akademiýasynyň talyp haky (doly maliýeleşdirilýär)

Möhleti
03.12.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Yenching Akademiýasy daşary ýurtly talyplary 2022-nji okuw ýyly üçin talyp hakyna arzany tabşyrmaga çagyrýar. Bu talyp haky Hytaýda magistr derejesini okamak üçin teklip ediýär. Talyp haky üstünlikleri, akademiki görkezijileri we okuwdan daşary çäreler esasynda berler. Şeýle hem, dalaşgärler Hytaýyň medeniýetini öwrenmäge we dünýäniň öňdebaryjy institutlaryň birinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Magistratura derejesiniň talyp haky 6 dürli ugur boýunça hödürlenýär: ykdysadyýet we dolandyryş, pelsepe we din, kanun we jemgyýet, taryh we arheologiýa, syýasat we halkara gatnaşyklar, edebiýat we medeniýet. Bu talyp haky ähli okuw serişdeleri, ýagny okuw töleglerini, gözleg çykdajylaryny, aýlyk stipendiýany, ýol tölegleri we ýaşaýyş jaý çykdajylaryny ödemek üçin berilýär. Talyp hakynyň möhleti 2 ýyl.

Okuw ugurlary:

  • Ykdysadyýet we dolandyryş;
  • Hukuk we jemgyýet;
  • Filosofiýa we din;
  • Taryh we arheologiýa;
  • Edebiýat we medeniýet;
  • Syýasat we halkara gatnaşyklar.

Kabul ederlik:

  • Dalaşgärler bakalawr derejesini almaly ýa-da uniwersitetde okaýan bolmaly.
  • Dalaşgärler arzany tabşyranda 28 ýaşa ýetmedik bolmaly.
  • Bakalawr derejesini 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 31-ne çenli tamamlamaly.
  • Dalaşgärleriň ýokary akademiki görkezijileri bolmaly.
  • Iňlis dilini gowy bilmeli.
  • Iňlis dili bilimiňizi tassyklamak üçin, diňe 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan soň tabşyrylan synaglaryň netijeleri kabul ediler.

Artykmaçlyklary:

  • Mugt bilim.
  • Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.
  • Aýlyk stipendiýa.
  • Ýaşaýyş jaýy.
  • Ýol tölegleriň çykdajylary.

Gerekli resminamalar:

  • CV
  • Beýannama
  • Şahsy beýannama
  • Bahalar barada maglumat
  • Bilim şahadatnamasy / diplom
  • Iki hödürleýiş haty
  • Uniwersitetde okaýanyňyz barada kepilnama (bar bolsa)
  • Iňlis dili synagynyň şahadatnamasy

Onlaýn arza tabşyryş portaly: YENCHING Admissions Website (netapply.cn)

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 3

Has giňişleýin maglumat üçin: ADMISSIONS-Yenching Academy of Peking University (pku.edu.cn)