Tokio Tehnologiýa Institutynyň (MEXT) talyp haklary (Masters/PhD)

Möhleti
08.12.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Tokio Tehnologiýa Instituty milli gözleg instituty we Ýaponiýanyň iň uly döwlet uniwersitetidir. QS Global World reýtingine görä dünýäde 56-njy ýerde durýar. Uniwersitet magistratura, PhD we Combined Masters & Doctoral Degree üçin talyp hakyny berýär. Talyplar giriş we okuw töleglerini tölemeýärler, ýol çykdajylaryny uniwersitet ödeýär, magistrler üçin 147,000 ýen, PhD talyplary üçin 148,000 ýen aýlyk stipendiýa berilýär.

Arza beriş tertibi:

  1. Tokio Tech web sahypalaryndan maglumat ýygnaň.
  2. Programma kriteriýalaryny barlaň.
  3. Uniwersitetiň akademiki geňeşçisi bilen habarlaşyň
  4. E-mail göçürmesini / razylyk hatyny kabul ediş bölümine iberiň (soňra anketa girmek üçin zerur URL we PW alarsyňyz)
  5. Resminamalary taýýarlaň.
  • Surat
  • Tokionyň Tehnologiýa bölüminiň akademiki gözegçisiniň razyçylygy / haty.
  • Okuw ugry we meýilnamasy (bellenilen formatda)
  • Tezisiň gysgaça beýany
  • Iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama
  • Pasportyň göçürmesi
  • Hasaba alyş töleginiň tölenendigi barada subutnama.
  • Kabul edilip bilinjekdigine aýratyn baha bermek üçin arza (bellenilen formatda)
  • Talyp hakynyň arzasy (MEXT formatda)
  • Resminamalary tabşyrmagyň tamamlanmagy.
  • Söhbetdeşlik we / ýa-da Tokio Tech synaglary.
  • Netijeleriň habarnamasy.

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-i 11:59 (JST).

Netijeler barada duýduryş: 2022-nji ýylyň mart aýyyň 3-i, 3:00 (JST)

Arza tabşyryş boýunça görkezmeler:

https://www.titech.ac.jp/english/admissions/pdf/application-guide-igp-a–202209-fin.pdf

Has giňişleýin maglumat üçin:

https://www.titech.ac.jp/english/admissions/prospective-students/international/graduate-program-a