Russiýanyň hökümetiniň talyp haky 2022 (Masters/PhD)

Möhleti
10.12.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda magistr ýa-da doktorlyk derejesini almak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin Russiýanyň hökümetiniň talyp haky maksatnamasyna gatnaşyp bilersiňiz. Okuw Russiýa Federasiýasynyň federal býudjetinden tölenýär. Ýol tölegi, umumy ýaşaýyş jaýy, ätiýaçlandyryş we şahsy çykdajylary özüňüz ödemeli bolarsyňyz. Bu maksatnama ähli ýurtlaryň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Talyp hakynyň artykmaçlyklary:

– Mugt okuw;

– Talyp hakynyň eýesi giriş synagyny tabşyrman okuwa girip bilerler;

– Iňlis we rus dillerinde okamak mümkinçiligi;

– Aýlyk stipendiýa berler.

Talyp hakyny alandan soň näme etmeli?

Profiliňizde okuwyň ugruny saýlaň, soňra ugruňyz boýunça ýokary okuw jaýyny saýlaň. Daşary ýurtly dalaşgärleri Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň maglumat ulgamynda hasaba almak üçin zerur resminamalary guramaçylyk komitetine iberiň.

Kriteriýalar:

  • Bakalawr derejesiniň diplomy;
  • Russiýanyň raýaty bolmaly däl;
  • Daşary ýurtlarda ýaşaýan rus raýatlary bu abraýly bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutup bilerler.

Düzgünler:      

https://od.globaluni.ru/upload/iblock/fd2/fd25e247db12693efbaa0ac611d49e0b.pdf

Olimpiadanyň esasy ugurlary:

https://od.globaluni.ru/#subjects

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 10

Has giňişleýin maglumat üçin: https://od.globaluni.ru/en/news/6511/