Zenan telekeçiler üçin kurs

Möhleti
11.10.2021

Ýewropa Dikeldiş we Ösüş Banky, Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde zenan telekeçiler üçin “IT çözgütleri – tehnologiýanyň işewürlikde peýdalary” howandarlygynda geçiriljek amaly onlaýn kursy gurar.

Okuw iki bölümden ybarat bolýar. Birinjisi 25-28-nji oktýabrda geçýär, ikinji bölümi 1-4-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär, okuwyň meýilnamasy bolsa sapaklary günde 3 sagadyň dowamynda geçmek üçin işlenip düzüldi. Okuw materiallary CEFE (Serbiýa) bilen hyzmatdaşlykda APPLICATIO Training & Management (Germaniýa) tarapyndan işlenip düzüldi. Mugallymlar Ermenistandan işewür tejribäni awtomatlaşdyrmak üçin halkara tejribesini ulanmak endiklerine eýe bolan iki tejribeli professorlar.

“Zenanlar işewürlikde” tarapyndan gurnalan onlaýn kursy mugt geçip bilersiňiz we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Kursyň dowamynda zenan telekeçiler, kiçi we orta kärhanalaryň ýolbaşçylary aşakdakylar bilen tanyşarlar:

  • Işewürlik üçin tölegli we mugt häzirki zaman IT gurallary;
  • Iş amallaryny, işewürligi awtomatlaşdyrmak meýilnamasyny we IT potratçylary bilen bir dilde aragatnaşyk;
  • IT çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin taslamany dolandyrmak.

Kursa gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-den gijä galman orazovaz@ebrd.com elektron poçta arkaly arzany doldurmaly we ibermeli. Kabul edilip biljek gatnaşyjylaryň sany çäklidir.

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/39860/ebrr-v-partnerstve-s-es-provedut-trening-dlya-zhenshchinpredprinimatelei