Halkara talyplar üçin Open Doors 2022 talyp haky

Möhleti
10.12.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Open Doors: Russian Scholarship Project – bu Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň birinde mugt magistr we doktorlyk okuwlaryna girmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Halkara Open Doors olimpiadasy bäşinji gezek güýje girer. Doktorlyk derejesiniň talyplary olimpiada wagtynda ylmy gözegçisini saýlap we söhbetdeşlik geçirip bilerler. Olimpiada gatnaşma we okuw rus ýa-da iňlis dilinde geçmek mümkindir.

Bu ýyl 14 ugurlar bar, bularyň hemmesi magistratura we doktorlyk derejeleri üçin açykdyr.

Talaplar:

  • Olimpiada islendik ýurtdan bolan daşary ýurtly talyplar, şeýle hem daşary ýurtda hemişelik ýaşaýan watandaşlar we raýatlygy bolmadyk adamlar gatnaşyp bilerler. Magistr derejesini almak üçin bakalawr derejesi talap edilýär, doktorlyk derejesine girmek üçin bolsa magistr derejesi talap edilýär. Mundan başga-da, olimpiada gatnaşyp bilmek üçin saýlanan dersleriň hersinde kiçi synagdan geçmeli. Synagy bäş synanyşykda tamamlamasaňyz, portfeliňizi dolduryp, Olimpiada gatnaşyp bilmersiňiz.
  • Magistr we doktorlyk programmalarynyň ikisi hem onlaýn ýagdaýda bolup geçýän 2 tapgyrlardan ybarat bolýar. Birinji tapgyr portfel bäsleşigi. Birinji tapgyrdan soň saýlanan dalaşgärleri ikinji tapgyra – onlaýn synaglaryndan ybarat bolýan Olimpiada gatnaşmaga çagyrarlar.
  • Bu tapgyrlardan başga-da, doktorlyk derejesi üç sany potensial ylym gözegçisi bilen onlaýn söhbetdeşliklerden ybarat goşmaça tapgyry öz içine alýar. Haýsy bolsa bir söhbetdeşlik üstünlikli geçse, gatnaşyjy razylygyny berenleriň arasyndan gözegçini saýlamaly.

 

Okuw tölegleri Russiýa Federasiýasy tarapyndan tölener. Diňe ýol we ýaşaýyş jaý çykdajylaryny, saglyk ätiýaçlandyryş we şahsy çykdajylary ödemeli bolarsyňyz.

Onlaýn arza: https://od.globaluni.ru/register.php

Arza bermegiň soňky möhleti: 10-njy dekabr, 2021

Has giňişleýin maglumat üçin: https://od.globaluni.ru/?needRussian=1