Maastricht University tarapyndan doly maliýeleşdirilýän talyp haky 2022

Möhleti
01.02.2022
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Maastricht University okuw tölegini ödejek we aýlyk stipendiýany berjek 24 aýlyk talyp hakyny hödürleýär. Uniwersitetde magistr programmasyna hasaba alnan Ýewropa Bilelişigine girmeýän ýurtlardan gelen talyplar arzany bilerler. MU iki görnüşli talyp hakyny hödürleýär:

1- uniwersitetiň özi tarapyndan maliýeleşdirilýän talyp haky;

2-Gollandiýanyň hökümeti (Bilim ministrligi) tarapyndan maliýeleşdirilýän talyp haky.

Bir ýyllyk magistr programmasy 13 aý, iki ýyllyk maksatnama 25 aý dowam edýär.

Bu talyp haky daşary ýurtly talyplara Gollandiýada magistr derejesini almaga gönükdirilendir.

Okuwyň ugurlary:

  • Tebigat ylymlary we inženerlik fakulteti
  • Newrologiýa fakulteti
  • Ýewropanyň kanunlary we bazaryň integrasiýasy
  • Ýewropanyň jemgyýetçilik hukugy we dolandyryşy
  • Ýewropa hukuk mekdebi: umumy maksatnama
  • Kazyýet, kriminologiýa we kanun
  • Korporatiw we täjirçilik hukugy
  • Globallaşma we hukuk: umumy maksatnama
  • Globallaşma we hukuk: adam hukuklary
  • Globallaşma we hukuk: halkara söwda we maýa goýum kanuny
  • Halkara we Ýewropa salgyt hukugy
  • Halkara we Ýewropa salgyt hukugy: halkara üpjünçilik zynjyrynyň gümrük we salgyt salmagy
  • Halkara we Ýewropa salgyt hukugy: salgytlar we tehnologiýalar
  • Intellektual eýeçilik kanuny we bilimleri dolandyrmak
  • Işewürlik seljeriş we intellektual hyzmatlar
  • Ykdysadyýet
  • Ösüp barýan bazarlarda ykdysadyýet we strategiýalar
  • Maliýe ykdysadyýeti
  • Telekeçilik we kiçi we orta kärhanalary dolandyrmak
  • Maglumat dolandyryşy we işewürlik seljeriş
  • Durnukly maliýe
  • Döwlet syýasaty we adam ösüşi
  • Durnukly ösüş, syýasat we jemgyýet
  • Biomedikal ylymlar
  • Epidemiologiýa
  • Bütindünýä saglygy
  • Ýewropanyň jemgyýetçilik saglygynda dolandyryş we ýolbaşçylyk
  • Lukmançylyk pudagynda ösüş
  • Saglyk syýasaty, innowasiýa we dolandyryş
  • Adam ösüşi üçin ylymlar: saglyk we reabilitasiýa
  • Adam ösüşi üçin ylymlar: sport we iýmitleniş
  • Iş, saglyk, karýera

Talaplar:

  • Ýewropadan daşary islendik ýurduň raýatlary.
  • Gollandiýada wiza we ýaşamak üçin rugsatnama.
  • Iki raýatlygy bolmaýan dalaşgärler gatnaşyp bilerler.
  • 2022-2023-nji okuw ýyly üçin magistr derejesini almak üçin arzany tabşyrmaly.
  • Dalaşgärleriň okamak isleýän maksatnamasynyň ölçeglerine we talaplaryna laýyk gelmeli.
  • Dalaşgär mundan öň Gollandiýada okamadyk bolmaly. Öň Gollandiýada alyş-çalyş okuwlaryna gatnaşan bolsaňyz, bu talyp haky maksatnamasyna arzany tabşyryp bilersiňiz.
  • Arza beren wagtyňyz 35 ýaşa ýetmedik bolmaly.
  • Dalaşgärler öňki derejedäki akademiki ýetişgenligini görkezmeli. Reýtinglere we hatlara görä iň gowy 5% -ine girjek dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.

Artykmaçlyklar:

  • Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.
  • 174 ýewro mukdarynda bolýan wiza tölegleri ödenýär.
  • 12 aýlyk maksatnama üçin ýaşaýyş çykdajylary 11,400 funt, 24 aýlyk maksatnama üçin 22,800 funt.
  • Okuw tölegleri ödenýär (takmynan, 13 800, 16 800 ýa-da 15,500 ýewro (okuw meýilnamasyna baglylykda)).

Arza bermek prosesi:

Ädim 1. UM-da gatnaşýan magistratura ugurlaryň birine ýazylyň:

https://www.maastrichtuniversity.nl/file/umhhpstudieprogrammas2022-2023pdf

Ädim 2: Arzany dolduryň. Hasabyňyza giriň:

http://intranet.maastrichtuniversity.nl/en/scholarship-application-form-2022-2023?_ga=2.240986819.1304122840.1635103694-1979141509.1635103694

Indiki resminamalary .doc, .docx ýa-da PDF görnüşinde ýükläň we arzaňyzy iberiň.

Gerekli resminamalar:

  • CV
  • Höweslendiriş haty
  • Size hödürleýiş hatyny berýän adamyň habarlaşmak üçin maglumatlary
  • Okuw netijeleri, şol sanda akademiki ýetişgenlik maglumatlary
  • Ähli resminamalary doc, Docx ýa-da pdf görnüşinde ýükläň we arzaňyzy iberiň.
  • Hödürleýiş haty 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli scholarship@maastrichtuniversity.nl e-mail bilen iberilmelidir.

Tabşyryş möhleti: 1 fewral, 2022.

Has giňişleýin maglumat: https://www.maastrichtuniversity.nl/support/your-studies-begin/coming-maastricht-university-abroad/scholarships/maastricht-university