Cambridge uniwersitetinde Bill & Melinda Gates atly talyp haky

Möhleti
01.12.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Gates Cambridge talyp haky maksatnamasy 2000-nji ýylyň oktýabr aýynda Cambridge uniwersitetine 210 million dollar bagyş etme bilen döredildi, bu iňlis uniwersitetine iň uly bagyş etme hasaplanýar. Bu talyp haky, dünýäniň iň abraýlylaryndan biri bolup, başgalaryň durmuşyny gowulaşdyrmak ugrunda geljekki liderleriň global ulgamyny döretmegi maksat edinýär.

Bu talyp haky aşakdaky çykdajylary ödeýär:

  • Bir talybyň eklemesi (12 aýyň dowamynda 17,500 funt). PhD gözlegçileri 4 ýyla çenli maliýeleşdiriler.
  • Giriş tölegi
  • Okuwyň başynda we ahyrynda ekonom-klass petek tölegi.
  • Wiza we immigrasiýa medisina tölegleri.

Kabul ederlik:

  1. Angliýanyň daşyndaky islendik ýurduň raýaty bolmaly.
  2. Aşakdaky derejeleriň birine arzany tabşyrmaly:
  • PhD
  • MSc / MLitt
  • Bir ýyllyk aspirantura

Aşakdaky maksatnamalara talyp haky berilmeýär:

  • Islendik bakalawr programmasy
  • Magistr derejesiniň biznes ugry (MBA)
  • Magistr derejesiniň maliýe ugry (MFin)
  • PGCE
  • MBBChir kliniki gözlegler
  • Lukmançylyk ylymlarynyň doktory (6 ýyl)
  • Lukmançylyk boýunça magistr / PhD (A101)
  • Ýarym okuwly derejeler
  • Dereje berilmeýän kurslar

Kriteriýalar:

  • Ýokary akademiki görkezijiler
  • Kurs saýlamagyň sebäpleri
  • Başgalaryň durmuşyny gowulaşdyrmak höwesligi
  • Liderlik ukyplary

Arzany nädip tabşyrmaly?

Giriş we talyp haky üçin arzalar Uniwersitetiň Graduate Application portaly arkaly berilýär.

Talyp hakyny almak üçin kursy we arza tabşyryş anketa bölümini we Gates Cambridge maliýeleşdiriş bölümini doldurmaly. Gates Cambridge arzalary gözden geçirende, kabul etmek we maliýeleşdirmek üçin doly anketa girip biler.

Talyp hakyna arzany tabşyrmak üçin: https://apply.postgraduate.study.cam.ac.uk/applicant/login?dswid=-8761

Has giňişleýin maglumat: https://www.gatescambridge.org/apply/eligibility/

Habarlaşmak üçin: info@gatescambridge.org.

Tabşyryş möhleti: 1 dekabr, 2021

Has giňişleýin: https://www.gatescambridge.org/apply/how-to-apply/