Germaniýada tomus nemes dili maksatnamasy

Möhleti
01.12.2021
Arza göýbermek

Bu maksatnama talyplara we uçurymlara nemes dilini kämilleşdirmäge (umumy dil, ýörite dil) we Germaniýa baradaky medeni bilimlerini ýokarlandyrmaga kömek etmegi maksat edinýär.

 Artykmaçlyklary:

Maksatnama dil we sebit kurslaryna, şeýle hem Germaniýanyň döwlet ýa-da döwlet tarapyndan ykrar edilen uniwersitetleri we oňa degişli dil mekdepleri tarapyndan hödürlenýän ýörite dil / terminologiýa kurslaryny maliýeleşdirýär.

Kurslar diňe nemes dilinde geçer.

Talaplar:

– Gatnaşyjy azyndan 18 ýaşynda bolmaly.

– Dalaşgärler maksatnamanyň dowamlylygynda, maksatnama girýän ýurtlaryň uniwersitetleriň birinde talyp bolmaly (Germaniýadan başga).

– Tomusky uniwersitet okuwy üçin serişde almagyň arasynda iki ýyl bolmaly.

Dil endikleri:

  • Nemes dilinde leksiýalara düşünip we toparlaýyn işe gatnaşyp bilmek.
  • Arzany tabşyranyňyzda nemes dili bilimiňizi subut etmeli.
  • Dil tassyklaýyş şahadatnamasy programmadan iki ýyldan köp bolmaly däldir.
  • Indiki dil şahadatnamalary kabul edilýär: onSET-Deutsch, TestDaF, Goethe Institut, DSD, DSH, telc Deutsch, ÖSD-Zertifikat, bakalawr derejesi (diňe ýöriteleşdirilen dil kurslary üçin).

Pandemiýa sebäpli ýokarda agzalan dil synaglaryndan birini tabşyryp bilmeseňiz, kadadan çykma hökmünde DAAD mugallymlary tarapyndan tassyklanan dil şahadatnamasyny tabşyryp bilersiňiz. Has giňişleýin maglumat üçin degişli maglumat we maslahat edarasyna ýüz tutuň.

2020-nji ýylda edilen DAAD mugallymlary tarapyndan tassyklanan şahadatnamaňyz bar bolsa 2021-nji üçin ulanyp bilersiňiz.

Talyp hakynyň umumy mukdary 1061 ýewro. Ösýän ýurtlardan gelen dalaşgärler 1,236 funt sterling alarlar.

Giriş möhleti: 1-nji dekabr, 2021-nji ýyl

Has giňişleýin maglumat: https://www2.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/?status=1&origin=78&subjectGrps=&daad=1&intention=&q=&page=1&detail=50035295