“Ýaş talyp zenan liderler üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasy

Möhleti
04.01.2022
Arza göýbermek

Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan liderler üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça 2022-nji ýyl üçin anketalary kabul edip başlady. Bu bäş hepdelik maksatnama 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlar; eger şertler maksatnamanyň şahsy görnişinde geçirilmegine ýol bermese, maksatnama onlaýn formatda geçiriler.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1. Maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky diňe zenan talyplar üçin niýetlenen.
  2. Iňlis dilini bilmek – maksatnamanyň dowamynda terjime üpjün edilmeýär. Gatnaşyjylar iňlis dilini suwara bilmeli.
  3. Maksatnama Yokary okuw jaýynda okuwlaryny tamamlamaga azyndan ýarym ýyl wagt galan talyplar gatnaşyp bilerler.
  4. Okuwlaryna ýetişigi ýokary bolmaly- bahalaryň göçürmesini we mugallymlaryň häsiýetnamalaryny tabşyrmaly.
  5. Dalaşgärler ABŞ ýa-da öz ýurdunyň daşyna gysga wagta ýa-da hiç hili syýahat etmeli däldir.

Anketany nädip tabşyrmaly:

Doly doldyrylan anketalar 2022-nji ýylyň 4-nji yanwaryna çenli tabşyrmaly. Anketany şu ýerden MS Word formatynda alyp ýa-da AshgabatEducation@state.gov elektron poçta arkaly ýüz tutup alyp bilersiňiz.

Anketany ýükläp alyň: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/ApplicationSUSI_W.doc

 

Ähli soraglaryňyza AshgabatEducation@state.gov e-mail arkaly jogap alyp bilersiňiz.

Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 4-nji ýanwary.

Has giňişleýin:

https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/susi-for-students-tk/