Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty halkara bäsleşigini yglan etdi

Möhleti
15.01.2022

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Rus dili milletara aragatnaşyk we diplomatiýanyň dili” atly halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berdi.

Bäsleşige Türkmenistandan we GDA agza ýurtlaryndan “halkara gatnaşyklary” ugry boýunça okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Gatnaşyjylar rus dilinde «Превентивная дипломатия» mowzugy boýunça düzme ýazmaly. Düzmäniň talaplary: 1,5 setir aralyk, 14 ölçegli TimesNewRoman şrift, A4 formaty, göwrümi 2,5-3 sahypa bolmaly. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň meseleleriniň biri – öz ýurdunyň meşhur ýerleri barada wideo taýýarlamak.

Ýokardakylardan başga, özüňiz barada gysga maglumat bermeli: adyňyz, ýurduňyz, uniwersitetiň ady, awtobiografiýasy, telefon belgisi, e-mail salgysy we 3×4 surat.

Bäsleşigiň ýeňijileri, 18-nji fewralda her ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň güni mynasybetli dabarada diplomlar we baýraklar gowşurylar.

Arzada adyňyzy, uniwersitetiň adyny we hünäriňizi belläp, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne çenli hgi.ddkafedra@online.tm  e-mail arkaly tabşyrmaly.

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/41798/imo-mid-turkmenistana-obyavil-mezhdunarodnyi-konkurs