Serhet Instituty okuwa kabul edýär :2022/2023-nji okuw ýyly

Başlaýan wagty
  1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş dere-jeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykdakesgitlenilýär:

—orta bilimli, çagyryşboýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin ýagdaýdagirmäge isleg bildirip arza ýazan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

—Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;

—borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň 25 ýaşy dolýança.

Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2022-nji ýylyň1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

  1. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuwýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit,harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyşjaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalaryny kabul etmek işleri 2022-nji ýylyň 20-nji martyna çenli geçirilýär.

  1. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilenresminamalary doly we anyk taýýarlamaly:

—dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan arzasy (habarnamasy). Arzada (habarnamada) dalaşgäriň familiýasy, ady,atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi,okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýanýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi baradahaýyşy, ýurduň islendik künjeginde gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;

—şahsy maglumaty we terjime haly;

—ýaşaýan ýeriwe maşgala agzalary barada güwänama;

—ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);

—eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da aýrylyşan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;

—dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gullukeden ýerinden häsiýetnamanyň asyl nusgasy;

—Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;

—pasportynyň göçürmesi(eger-de dalaşgärraýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);

—harby şahadatnamasynyň göçürmesi;

—eger işleýän bolsa edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;

—orta bilim,başlangyç hünär ýa-da orta hünär bilim barada resminamanyň asylnusgasy;

—1sany 9×12 ölçegde,9 sany 3×4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýändalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.

Dalaşgärler nädogry beren maglumatlarywe resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen pasportyny,eger çagyryş boýunça harby gullugy geçen bolsalar, pasporty bilen bilelikde harby şahadatnamasyny, çagyryş we borçnama boýunça harbygullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.

  1. Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglar kabul edilýär. Dersler boýunçagiriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
  2. Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhetgullugyna degişli bolan harby bölümlere ýüztutmaly.
  3. Dalaşgärler Serhet institutyna giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda,Seçip alyş iş toparynyň geňeşiniň çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär.

Arza tabşyryş möhleti: 2022-nji ýylyň 20-nji martyna çenli.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy;

Telefon: +99312-40-49-60, +99312-40-49-61, +99312-40-49-26.

Çeşme: Nesil Gazeti, 20.11.2021: https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=7424