Erasmus Mundus tarapyndan maliýeleşdirilýän magistr derejesiniň maksatnamasy

English
Möhleti
Dereje
Magistr

«Economics of Globalisation and European Integration» magistr maksatnamasy dört dürli ýurtdaky dört uniwersitetde okamakdan ybarat bolýar.

Talyplar diňe bir akademiki bilimleri däl, eýsem interaktiw okuw usuly, halkara guramalarynyň ofislerine syýahat ederler we EUB işgärleri bilen aragatnaşyk arkaly amaly endikleri hem alarlar.

Talaplar:

  • Ykdysadyýet ýa-da şoňa meňzeş hünär boýunça bakalawr derejesi;
  • Iňlis dilini ýokary derejede bilmek.

Ýurt: Ýewropa

Dil: iňlis dili

Okuw üçin 5000 ýewro, syýahat çykdajylary üçin 3000 ýewro we göçmek üçin 1000 ýewro, ýaşamak üçin aýda 1000 ýewro stipendiýa berilýär.

BELLIK:

Aşakdaky çykdajylar üçin maliýeleşdirme berilmeýändir:

  • ýaşaýan ýurdunda geçirilen EMJMD döwürleri (okuw / gözleg / tejribe / dissertasiýa taýýarlygy);
  • Hyzmatdaş ýurtdan gelen üç aýdan köp boljak EMJMD döwürleri üçin.

Diňe Erasmus MSc ýa-da PhD talyp hakyny almadyk talyplar arzalaryny tabşyryp bilerler.

Gerekli resminamalar:

Elektron wersiýalaryňyzyň ýa-da skanirlenen nusgalaryňyzyň bardygyna göz ýetiriň (asyl nusgasy iňlis dilinde däl bolsa, resminamalar iňlis dilinden terjime edilmelidir):

  • Pasport ýa-da başga şahsyýet resminamasy (açyk möhleti bilen).
  • Ýaşaýyş ýeriniň subutnamasy (ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminamalar üçin, Ýygy-ýygydan soralýan soraglar bölümine serediň).
  • Europass görnüşinde CV.
  • Iňlis dilini bilýändigiňiziň subutnamasy (kabul ederlikli şahadatnamalar ýa-da kadadan çykmalar üçin Ýygy-ýygydan soralýan soraglara serediň).
  • Diplom (iň pes bakalawr derejesi).
  • Dereje diplomynyň resmi tabeli we resmi nusgasy.
  • Höweslendiriş haty.
  • EGEI-den hödürleýiş hatyny berjek eminler üçin maglumat: doly ady, wezipesi, edarasy, hünär salgysy, e-mail salgysy.
  • (islege görä) Başarnyklaryňyzy we kärleriňizi subut etmek üçin bermek isleýän başga resminamalaryňyz.

* Resminamalaryň asyl nusgasyny barlamak. Okuwa kabul edilenleriň hemmesi ilkinji kabul ediş okuw jaýyna geleninden soň resminamalaryny tassyklamak üçin tabşyrmaly.

Onlaýn arza№ https://form.jotform.com/212842086007350

Resminamalary tabşyrmak üçin iň soňky gün: 15-nji fewral, 2022

Maksatnama barada has giňişleýin maglumat: https://www.master-egei.eu/scholarships/