Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersiteti 2022-2023
Bu magistr okuw maksatnamanyň esasynda Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda durnukly ösüş bilen baglanyşykly dürli meseleleri çözüp bilýän adamlary taýýarlamak üçin döredilendir, we okuw bilen baglanyşykly ähli çykdajylar (okuw tölegi, talyp haky we ýol bilen baglanyşykly çykdajylar) Ýaponiýa döwletiniň Nippon gaznasy tarapyndan doly maliýeleşdirilýär.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Raýatlygy: Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan, Azerbaýjan
- Bilimi: ýokary hünär biliminiň birinji derejesi (bakalawr diplomy, ýokary hünär bilimli hünärmeniň diplomy) we umumy orta bilimini hasaba almak bilen azyndan 16 ýyllyk okuw tejribesi bolan dalaşgärler
- Dil ukyplary: dalaşgärler özleriniň iňlis diliniň derejesini tassyklamak üçin iňlis dili boýunça geçen halkara testleriniň netijelerini tabşyrmalydyr (azyndan TOEFL iBT 80, TOEFL CBT 230, TOEFL PBT 500, IELTS 6.0). Mundan daşary, ýapon dilini hem bilýän dalaşgärleriň artykmaçlygy bar (azyndan JLPT N5 we ondan ýokary).
- Okuw ýylynyň başlanjak senesi: 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry
Maksatnama barada maglumat: http://www.chiiki.tsukuba.ac.jp/spca/news-events/upload/20211116/SPJES_2022-2023_Guidelines.pdf
Okuw dili: iňlis
Okuw möhleti: 1,5 ýyl
Dalaş etmegiň birinji tapgyry: bellenilen nusgadaky deslapky sowalnamany doldurmaly we 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli aşakdaky electron poçtanyň adresine ugratmaly: spca-info@ml.cc.tsukuba.ac.jp
Sowalnamany doluryň: http://www.chiiki.tsukuba.ac.jp/spca/news-events/upload/20211116/SPJES_2022-2023_Application_form.docx
Dalaş etmegiň ikinji tapgyry: söhbetdeşlik (birinji tapgyrdan üstünlikli geçen dalaşgärlerden olary goldaýan resminamalary tabşyrmaklyk talap ediler)
Gerekli resminamalar:
Aşakdaky resminamalar birinji tapgyrdan geçen dalaşgärler tarapyndan tabşyrylmalydyr.
Arza (birinji tapgyrdan geçenler üçin)
8 surat (3×4 sm)
Hödürleýiş haty.
Bakalawr ýa-da magistr derejäniň resmi ýazgylary ýa-da diplomyň resmi nusgalary. Häzirki wagtda uniwersitetde okaýan bolsaňyz, häzirki baha tabelini tabşyrmaly.
TOEFL, IELTS, GRE we ş.m. synaglaryň asyl netijeli şahadatnamasy.
* Synag şahadatnamanyň möhleti 2 ýyldan köp bolmaly däldir.
Habarlaşmak üçin:
SPJES, Ýaponiýa we Ýewraziýa sebitlerini
öwreniş boýunça ýörite maksatnama
Işewürlik, durmuş-ynsanperwerlik we jemgyýeti öwreniş ylymlary fakulteti
Tsukuba uniwersiteti
Tennodai 1-1-1, Tsukuba, Ibaraki Ýaponiýa
305-8571
E-mail: spca-info@ml.cc.tsukuba.ac.jp
Tabşyryş möhleti: 15-nji ýanwar 2022 çenli
Maglumat almak üçin okuw maksatnamanyň internet sahypasyna ýüzleniň:
http://www.chiiki.tsukuba.ac.jp/spca.html