Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw Ýaz möwsümi 2022
Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:
- 18 hepdelik (hepdede 4 gün) intensiw taýarlyk kursy
- Prep4Success maksatnamasynyň ýaz möwsümi distansion okuw görnüşinde geçiriler
- Gatnaşyjylardan kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly internete baglanmak talap ediler. Okuw kursuna degişli materiallar internet arkaly ugradylar.
Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryndan we akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:
- Orta mekdebi tamamlan;
- Bakalawr derejesini almadyk;
- Türkmenistanyň we daşary ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýärler);
- Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
- 18 hepdelik distansion intensiw kurslaryna gatnaşmaga höwesli;
- Kynçylyklara taýar bolmaly!
Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.
- Doldurylan Prep4Success maksatnamasynyň anketasy PDF formatda(PDF 175 KB);
- Orta mekdep okuw ýetişigi;
- Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir Hödürnama haty;
- Rezýume;
- Türkmenistanyň içerki pasportynyň nusgasy;
Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2022-nji ýylyň yanwar aýynyň 20-ne sagat 17:30-a çenli ugradylmaly.
Doly maglumat almak üçin +993 65 27 73 08 belgi we associatep4s@americancouncilstm.org arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrylar.
Çeşme: https://tm.usembassy.gov/p4s-spring-2022/