Journalism, Media & Globalisation ugry boýunça magistr derejesiniň talyp haky (2022-2024)

English
Möhleti
10.01.2022
Dereje
Arza göýbermek

Journalism, Media & Globalisation iki ýyllyk magistr maksatnamasy Erasmus Mundus talyp haky maksatnamalarynyň sanawyna girýär. Talyplar žurnalistikany we metbugaty öwrenip bilerler we okuwlarynyň dowamynda has gowy we çuňňur bilim almak üçin birnäçe ýurtda okarlar. Okuwy gutarandan soň uçurymlar birnäçe diplom alarlar. Bakalawr derejesi tamamlanan bolmaly (ýa-da iň soňky kursda bolmaly), ýokary akademiki görkezijiler, IELTS synagynyň şahadatnamasy talap edilýär.

Gerekli resminamalar:

  1. Arza:

https://mundusjournalism.com/fileadmin/MundusJournalism/Application/Formular_Erasmus-Mundus-Journalism_2022-2024.pdf

  1. Bilim barada resminamalar.

Resmi şahadatnama / diplom (eger okuwy gutaran bolsaňyz) we her ders boýunça baha tabeli.

  1. Goşmaça resminamalar.

Tejribe

Iş beriji tarapyndan gol çekilen, iş möhletini görkezýän resminama. Bu maglumatlar hödürleýiş hatyna hem girizilip bilner.

Işiň nusgalary.

Üç makalany ýa-da žurnalistik işiňiziň beýleki nusgalaryny, has gowusy iňlis dilinde iberiň. Işiňiz onlaýn bolsa, ssylkany goşup bilersiňiz. Üçden köp makala ibermäň.

Nusgalaryňyz iňlis dilinde däl bolsa, iňlis dilinde gysga maglumatyny goşuň.

  1. Dil resminamalary.

Iňlis dilini bilýändigiňizi subut edýän synaglaryňyzyň netijeleriniň skanirlenen resminamasyny tabşyryň.

  1. CV

Mysal üçin, “Europass CV” -e serediň:

http://europass.cedefop.europa.eu/documents/curriculum-vitae

  1. Akademiki we žurnalistik maslahat hatlary.

Iki sany hödürleýiş haty talap edilýär: biri uniwersitetiň professoryndan / dekanyndan, ikinjisi – häzirki ýa-da öňki iş berijiden bolmaly.

  1. Milletiňizi tassyklaýan resminamalar.
  2. Ýörite zerurlyklar / dowamly keseller / maýyplar üçin.

Ýörite zerurlyklary ýa-da dowamly lukmançylyk şertleri bolan dalaşgärlere, ýagdaýlary barada mümkin boldugyça doly maglumat bermegi maslahat berilýär.

Mundus Journalism-a nädip arzany tabşyrmaly?

  1. Resminamalary ýygnaň.

Resminamalary ýygnanyňyzdan soň, olary bir PDF faýlyna birleşdiriň (iň ýokary PDF ölçegi 10 MB).

PDF faýlyň ady indiki görnüşde bolmaly: doly adyňyz – ikinji ýyl okuw üçin ýöriteleşdirilen ýeri (mysal üçin, Amsterdam, London, Mýunhen ýa-da Praga) – A kategoriýa ýa-da B kategoriýa.

  1. Mysal: Ana Maria Aurelia – Amsterdam – Category A
    2. Mysal: Leonardo Luongo – London – Category A
    3. Mysal: Mario Martinez – Munich – Category B
    4. Mysal: Petra Pavlová – Prague – Category B

* Indiki talaplara laýyk gelýän bolsaňyz A kategoriýany saýlaň:

  • Siz ýewropa Bileleşigiň agza ýurtlaryň, Islandiýa, Norwegiýa, Lihtenşteýn, Türkiýe, Serbiýa ýa-da öňki Ýugoslawiýa Makedoniýa Respublikasynyň ýaşaýjysy dälsiňiz.

Üns beriň: esasy wezipäňiz (okuw, iş, şahsy sapar, syýahatçylyk we ş.m.) bilen soňky bäş ýylda Ýewropa Bileleşigiň agza döwletleriň (Islandiýa, Norwegiýa ýa-da Lihtenşteýn, Türkiýe, Serbiýa ýa-da öňki Ýugoslawiýa Makedoniýa Respublikasy) haýsydyr birinde esasy wezipäňizi ýerine ýetiren bolsaňyz, milletine garamazdan B kategoriýasyny saýlamaly.

  1. Onlaýn bellige alyň

https://mundusjournalism.com/admissions/application-process/online-registration

Arza bermegiň iň soňky güni 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-y, Merkezi Ýewropa wagty bilen sagat 12: 00.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://mundusjournalism.com/admissions/application-process