Vistula uniwersitetiniň talyp haky (Polşa) Bachelor/Masters

English
Möhleti
15.01.2022
Dereje
Arza göýbermek

Vistula University Merit Scholarship talyp haky Vistula uniwersitetinde we Vistula School of Hospitality okamak isleýän görnükli talyplara maddy goldaw berýär.

Vistula uniwersiteti we Vistula myhmansöýerlik mekdebi ýokary halkara häsiýetine eýedir. Talyp haky, Polşadan başga dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen dalaşgärlere uniwersitetde bar bolan islendik bakalawr ýa-da magistratura derejelerini doly okuwda almak üçin hödürlenýär.

Talaplar:

  • Dalaşgär Polşanyň raýaty bolmaly däl;
  • ýokary akademiki görkezijiler;
  • IELTS synagyndan iň az bal 6.0 ýa-da şoňa meňzeş synagyň şahadatnamasy.

Talyp hakynyň dowamlylygy we mukdary:

– okuwyň birinji ýylynda mugt okuw.

– Talybyň okuw wagtynda ýokary akademiki we okuwdan daşary aktiw bolsa, talyp haky okuwyň doly döwri boýunça berilýär.

Arzany nädip tabşyrmaly?

  1. Talyp haky maksatnamasyna gatnaşmak üçin onlaýn arzany tabşyrmaly;
  2. hasaba alyş tölegini tölemeli;
  3. Vistula uniwersitetinde ýa-da Vistula myhmansöýerlik mekdebinde saýlanan bakalawr ýa-da magistr maksatnamasyna arzany tabşyrmaly we 2022-nji ýylyň martynda okamaga başlamagy teklip alyň;
  4. talyp hakynyň şertlerine razy bolmaly. Vistula University Merit Scholarship talyp haky ýokary görkezijileri bar bolan dalaşgärlere bäsdeşlik esasynda berler.

Arza bermek barada has giňişleýin: https://www.vistula.edu.pl/en/new-students/how-to-apply-2?_ga=2.259459530.1302632041.1638614350-1197844709.1638614350

Arzany tabşyrmak çüin iň soňky gün: 15-nji ýanwar, 2022

Has doly maglumat üçin: https://apply.vistula.edu.pl/