UNDERGRADUATE COHORT ADVISING (UCA) maksatnamasy

English
Möhleti
17.01.2022
Arza göýbermek

ABŞ-nyň ilçihanasy, Türkmenistandaky perspektiw orta mekdep okuwçylaryna ABŞ-nyň kollejlerine we uniwersitetlerine üstünlikli girmek üçin zerur bilimleri we başarnyklary berýär, şeýle-de hem berk taýýarlyk arkaly talyplaryň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrýar. Gatnaşyjylar TOEFL we SAT synaglaryna taýýarlamak görerler, akademiki okamak we ýazmak we EducationUSA geňeşçisiniň ýolbaşçylygy astynda ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamyny öwrenmek meselesine ünsi jemlärler.

Kabul ederlik:

Diňe 9 we 10-njy orta mekdep okuwçylary üçin açykdyr (12 we 11 ýyllyk bilim sistemasy boýunça okaýan okuwçylar hem gatnaşyp bilerler).

Bu maksatnama Türkmenistanyň ähli sebitlerinden gelen talyplar üçin açykdyr (okuw iňlis dilinde geçer).

Arza beriş döwri: 2021-nji ýylyň 1-nji dekabry – 2022-nji ýylyň 17-nji ýanwary (6 hepde).

Giç we / ýa-da doly däl arzalar seredilmez.

Diňe laýyk dalaşgärler anketada belläň e-mail-yna habar alarlar.

Maksatnamanyň beýany:

Bu maksatnama ABŞ-nyň kollejlerine we uniwersitetlerine girmek isleýän 9-njy we 10-njy synp orta mekdep okuwçylaryna kömek berýän toparlaýyn maslahat maksatnamasydyr. Gatnaşyjylar ABŞ-nyň bakalawr ulgamy barada has giňişleýin düşünmek üçin ABŞ-nyň bilim geňeşçisi bilen ýylyň dowamynda duşuşýarlar we indiki mowzuklara ünsi jemleýärler:

  • Ýokary bilim ulgamy;
  • Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti;
  • Iň oňat okuw jaýy we hünär;
  • Standartlaşdyrylan synaglar;
  • Stipendiýa mümkinçilikleri;
  • Arzalar we talyp haklary üçin düzme ýazmak;
  • we TOEFL, SAT, akademiki okamak we ýazmak üçin taýýarlyk.

Anketany doldurmak üçin:  bit.ly/EdUSA_UCA  

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 17 ýanwar, 2022 (23:55)

Has giňişleýin maglumat: https://americancouncilstm.org/news/undergraduate-cohort-advising-uca-program-accepting-applications-for-2022-session/