Aziýanyň Ösüş Bankynda tejribe

Möhleti
31.01.2022
Arza göýbermek

Aziýanyň Ösüş Banky magistr we aspirantura degişli hünärler boýunça tejribe almagy hödürleýär. Aýratyn meseleler we taslamalar bilen işlemek zerur bolar, tejribe geçmek arkaly talyplar AÖB -yň zerurlyklaryna esaslanyp dürli gözleg tabşyryklaryny ýerine ýetirip, uly bir kompaniýada işlemekde özboluşly tejribe alarlar. Saýlaw talaplary:

– tejribe geçmezden ozal we soňra, AÖB agza ýurtlaryň biriniň okuw jaýynda magistr ýa-da PhD maksatnamasyna ýazylan bolmak;

– AÖB-nyň işi bilen gönüden-göni baglanyşykly ugurda akademiki okuwlara gatnaşmak;

– AÖB-e agza ýurtlaryň biriniň raýaty bolmak;

– Iňlis dilini ýokary derejede bilmeli;

– tabşyryklara laýyk hünär tejribesi bolmaly.

Saýlaw prosesi

Dalaşgärler ADB Karyera we iş üpjünçiligi ulgamy (ACES) arkaly arzalary tabşyrmaly: https://aces.adb.org/

  • AÖB web sahypasynda tabşyryklary ýerleşdirýär we dalaşgärler özüne gyzyklylary saýlaýarlar.
  • Dalaşgärler ACES-iň üsti bilen arzalary tabşyrýarlar, CV taýýarlaýarlar we düzme soraglaryna jogap berýärler.
  • Ähli resminamalar (CV we düzme) arzany doldurmak üçin ACES-e ýüklenýär.
  • Görkezilen möhletden soň tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
  • Ýaşlňyşlyklardan daşda durmak üçin, arzany tabşyryşyna soňky güne garaşmagy maslahat berilmeýär.
  • AÖB arzalary indikilere esaslanýar: laýyklyk talaplary, akademiki ähmiýeti we iş tejribesi; we ösüş işine goşant goşmak üçin gyzyklanma we höwes derejesi. Şeýle hem AÖB, tejribäniň gatnaşyjylary üçin umumy saýlawda institusional wekilçiligi, jynsy we milli deňagramlylygy göz öňünde tutýar.

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 31-nji ýanwar, 2022.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.adb.org/work-with-us/careers/internship-program