OYW Ýaponiýa sammiti üçin Aziýa stipendiýasy 2022

Möhleti
31.01.2022
Arza göýbermek

Leading Asia – Aziýadan görnükli ýaşlary 2022-nji ýylda Tokioda geçiriljek “One Young World Summit” çekmek üçin döredilen maksatnama. “Young World” häzirki wagtda Aziýada dünýäde üýtgeşiklik gazanmak isleýän ýaş ýolbaşçylary gözleýär.

Leading Asia Scholarship hemaýatkärlik maksatnamasy nämeden ybarat?

– 2022-nji ýylda geçiriljek “One Young World Summit 2022” giriş.

– 2022-nji ýylyň, maý aýynyň 15-19-na çenli myhmanhanada ýaşaýyş.

– Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyndan ybarat bolýan iýmit.

– Ýaşaýan ýeri bilen sammitiň geçiriljek ýerine çenli transportyň tölegi.

– Maglumat materiallary.

– Tokio gidiş we gaýdyş petek tölegi. Tokio gidiş we yzyna uçuş ýol bir halkara howa menzilinden ugramaly.

Kabul ederlik:

  • gatnaşyjy 18 ýaşdan 30 ýaş aralygy bolmaly;
  • oňyn üýtgeşmeleri durmuşa geçirmäge niýetlenen bolmaly;
  • liderlik ukyby;
  • esasy ýerli we / ýa-da global meseleleri hünär ýerinde çözmek;
  • täsirli we innowasiýa pikirlerini döretmekde tejribäňiz bolmaly.

Saýlaw prosesi:

Iň güýçli dalaşgärler ýanwar aýynyň ahyryna çenli saýlanar. “One Young World” işgärleriniň biri siz bilen habarlaşar.

Üns beriň:

– dalaşgärlere hemaýatkärlik almak kepillendirilmeýär;

– Öňki “One Young World” az wekilçilik eden ýurtlardan dalaşgärlere ähmiýet berler.

– Sammite ilkinji gezek gatnaşýan gatnaşyjylarada ähmiýet beriler (One Young World ilçilerine däl).

Arza bermegiň soňky güni: 31-nji ýanwary, 2022

Arzany tabşyrmak üçin: https://www.oneyoungworld.com/scholarships/leading-asia-scholarship-2022/apply

Has giňişleýin: https://www.oneyoungworld.com/scholarships/leading-asia-scholarship-2022