Günorta Koreýada GIST doly talyp haky 2022

English
Möhleti
15.02.2022
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

GIST (Gwangju Institute of Science and Technology) talyp haky daşary ýurtly talyplar üçin daşary ýurtdaky abraýly we bäsdeşlik okuw mümkinçilliklerden biridir. Bu talyp haky doly maliýeleşdirilýär. Günorta Koreýada bilimiň gymmatdygy sebäpli, zehinli daşary ýurtly talyplara Günorta Koreýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde we institutlarynda okamak mümkinçiligi berilýär.

GIST sungat, jemgyýetçilik ylymlary, ynsanperwer ylymlar, matematika we fizika bölümleri, şeýle hem dünýä derejesindäki innowasiýa gözlegleri bilen meşhurdyr. Daşary ýurtly talyplary özüne çekýän esasy faktorlaryň biri, bakalawr programmalarynyň hemmesiniň iňlis dilinde okadylmagydyr, şonuň üçin okuwa girenlerinde koreý dilini bilmek hökmany däl.

Kabul ederlik:

  • Daşary ýurtly talyplar.
  • Orta mekdebiň uçurymlary.
  • Dalaşgärleriň ene-atalary Koreýanyň raýaty bolmaly däldir.
  • Dalaşgär hiç wagt Günorta Koreýa gidip görmedik bolmaly ýa-da ol ýerdäki mekdepde / kollejde / uniwersitetde okamadyk bolmaly.
  • Iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama.

Artykmaçlyklary:

  • Mugt bilim.
  • 130,000 won mukdarynda aýlyk talyp haky.
  • Iýmit üçin aýda 270,000 won.
  • Uçuş peteginiň tölegi ödenýär.
  • 200,000 won mukdarynda ýerlesmek subsidiýasy.
  • Öňki semestrde 4,5 şkalada azyndan ortaça 0 gazanan dalaşgärlere halkara talyp haklary hökmünde 130,000 won berler.

Gerekli resminamalar:

  • Arza.
  • Bir hödürleýiş haty.
  • Orta mekdepden häsiýetnama.
  • Orta mekdep / uniwersitet bahalarynyň ýazgysy.
  • Orta mekdep diplomy (ýa-da garaşylýan gutardyş şahadatnamasy).
  • Iňlis dilini biýändigini
  • Dalaşgäriň we ene-atanyň ikisiniňem pasportynyň göçürmesi.
  • Ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklar barada resminama.
  • Maliýe durumlary barada hasabat.
  • Hormat hatlar we baýraklar (bar bolsa).

Giriş gollanmasy:

https://www.gist.ac.kr/site/iuadm/img/main/2022_GIST_undergraduate_admission_guide_202112.pdf

Arzalar onlaýn tabşyrylýar: https://service.gist.ac.kr/admission/graduate/foreigner

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 15-nji fewral, 2022

Has giňişleýin maglumat: https://www.gist.ac.kr/iuadm/