FLEX 2022
FLEX maksatnamasynyň wirtual bäsleşigi, aşakdaky talaplara laýyk gelýän Türkmenistandaky ähli ýokary synp mekdep okuwçylary üçin açyk bolar:
- 2004-nji ýylyň Mart aýynyň 15-den, 2006-njy ýylyň Maý aýynyň 31-i aralygynda doglan. Bellik:11-nji synpda okaýan harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• Iňlis dilinde gowy gürleýän;
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan, oňat we göreldeli bahalar alýan;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;
• Türkmenistanyň raýaty.
Ýokardaky sanalyp geçilen talaplara laýyk gelýän we FLEX maksatnamasyna gatnaşmaga isleg bildirýän ähli okuwçylary aşakdaky salgy boýunça, gyzyklanma soragnamasyny doldurmaga çagyrýarys*:
https://forms.gle/2jRS2PUYKSYYAggeA
*Eger-de salgyny açyp bilmeseňiz +993-63-50-20-36 belgä ýüz tutyň.