Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar

Başlaýan wagty

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty ýurduň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlary kabul edilýär.

Dalaşgärler şu aşakda görkezilen fakultetlere okuwa kabul edilýär:

— hukuk fakulteti;
— ýörite edaralary fakulteti;
— ýangyn-tehniki fakulteti;
— içerki goşunlar fakulteti.

Dalaşgärleriň resminamalary ministrliginiň institutynyň okuw merkezinde 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri 2052-nji (Ş.Batyrow) köçe 9-njy jaý.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-45-17, 36-44-97.

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/43966/institut-mvd-turkmenistana-obyavil-o-starte-priemnoi-kampanii