Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2023-2024-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik
Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2023-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.
Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2023
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli resminamalar doldyrylan arzaňyzyň özüne yüklenmelidir):
- Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we şonuň ýany bilen berilýän transcript (arza tabşyrylanda resminamalar hökmany suratda talap edilýär)
- СV (rezýume)
- Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly)
- Iňlis dilini ýokary derejede bilmek
- TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (eger-de bar bolsa)
Dykgat ediň:
- Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly
- ABŞ-da ýaşaýan adamlar bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler
- Dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýan wagtynda Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly (egerde COVID-19 sebäpli başga bir ýurtda wagtlayyn ýaşaýan bolsaňyz, AshgabatEducation@state.gov bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris)
Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:
- 31-nji maýa çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly.
- Iýun aýynyň birinji ýarym aýy: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýar.
- Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär.
- Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT/Duolingo synaglaryna registrasiýa edýär. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
- Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.
Goşmaça maglumat:
TOEFL/GRE/GMAT/Duolingo synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:
- TOEFL: https://www.ets.org/toefl
- GRE: https://www.ets.org/gre
- GMAT: https://www.mba.com/exams/gmat
- Duolingo: https://englishtest.duolingo.com/
Resminamalar 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Doly maglumat: https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/fulbright-foreign-student-program-masters-degree-tk/