KIMEP uniwersitetiniň grant maksatnamasy

Möhleti
06.04.2022
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Grant okuw töleginiň 100% ödeýär.

Üns beriň! Grant aýlyk talyp haky we umumy ýaşaýyş jaýyň tölegini ödemeýär. Mundan başga-da talyp, lukmançylyk töleglerini, jerimeleri, goýumlary, kitaphananyň tölegini we ş.m. ödemäýär.

Grantyň döwri: 4 okuw ýyly (täzelenip bolmaýar)

Grantlaryň sany: her hünär üçin 10 grant.

Kriteriýalar:

– 2020, 2021 we 2022-nji ýyllarda mekdebiň / kollejiň uçurymlary; 2022-nji ýylyň uçurymlary üçin – 2022-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda şahadatnama berilmezden ozal deslapky baýraklar;

– iňlis dilini ýokary derejede bilmeli (IELTS 4.5 / TOEFL IBT 57 / Duolingo 65 / KEPT 51);

– Iňlis dilinde 500-den 1000 söze çenli düzme (Eseriň mowzugy Grantlar üçin arzada çap edilýär);

– onlaýn söhbetdeşlik;

– orta mekdep şahadatnamasynyň ortaça bahasy – 5.00-den 4.00;

– öňki uniwersitetden 2021-nji ýylyň ýaz semestrinden soň we / ýa-da 2021-nji ýylyň güýz semestrinden soň ortaça bahasy – azyndan 70% (bar bolsa).

Goşmaça kriteriýalar:

– soňky 3 ýylda milli ýa-da halkara derejesinde akademiki ussatlygy;

– zerur bolsa, Maliýe goldaw bölümi tarapyndan goşmaça saýlaw kriteriýalary hem kesgitlenip bilner (iňlis diliniň derejesi, 5 – 11 (12) synp aralygynyň ortaça baha tabeliniň we ş.m.).

Grant üçin arzany nädip tabşyrmaly:

  1. Dalaşgärler portalynda onlaýn arzany doldurmaly: https://www.kimep.kz/ext/application/online/
  2. Pasportyň elektron nusgasyny portala ýükläň.
  3. IELTS / TOEFL / Duolingo şahadatnamalaryňyz bar bolsa ýükläň ýa-da KIMEP uniwersitetiniň KEPT atly onlaýn iňlis dili synagyny tabşyryň.
  4. Umumy orta bilim şahadatnamasynyň göçürmesini portala ýükläň. (Şahadatnama berlenden soň). Öňki okuw jaýyndan ähli synplaryň bahalaryny hem ýükläň (bar bolsa).
  5. Soňky 3 ýylda respublikan we / ýa-da halkara olimpiadalarynda we ýaryşlarda berlen baýrak şahadatnamalaryň elýeterli nusgalaryny portala ýükläň.
  6. Grantlar üçin Grantlar anketasynda ýüz tutup bilersiňiz.
  7. Grantlar üçin arzada düzme ýazyň.

Arzany tabşyrmak üçin iň soňky gün: 6-njy aprel, 2022-nji ýyl.

Granta nädip arzany tabşyrmaly: https://www.kimep.kz/prospective-students/files/2021/05/%D0%9A%D0%B0%D0%BA-%D0%BF%D0%BE%D0%B4%D0%B0%D1%82%D1%8C-%D0%BD%D0%B0-%D0%B3%D1%80%D0%B0%D0%BD%D1%82%D1%8B-Engl.pptx

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.kimep.kz/prospective-students/en/financial-aid/scholarships-for-newly-admitted-students/#fao-grants