
IELTS – iňlis dili boýunça iň meşhur synaglaryň biridir. Bu synagyň netijeleri Angliýada, Awstraliýada, Ýewropanyň ýurtlarynda we dünýäniň iňlis dilinde gürleýän uniwersitetleriniň hemmesinde diýen ýaly kabul edilýär.
1) Elc.polyu.edu.hk — bu sahypada IELTS meseleleri bilen tanşyp bilersiňiz we synagyň her bölegine taýýarlyk görmek üçin köp peýdaly maslahatlar alyp bilersiňiz.
2) Splendid-speaking.com – Synagdan geçen talyplar bilen söhbetdeşlik.
3) Takeielts.britishcouncil.org – British Council halkara guramasy dünýäniň ähli ýurtlarynda IELTS synagyny alyp barýarlar. Bu web-sahypada maslahatlar we gysga makalalar görnüşinde hödürlenýän köp peýdaly maglumatlary alarsyňyz.
4) Examenglish.com – bu sahypada IELTS synagyny geçmezden ozal size tejribe almak üçin köp peýdaly synaglary taparsyňyz. Ähli meseleler asyl synagdaky meselelere meňzeşdir.
5) ielts.allearsenglish.com – IELTS synagynda boljak köp sanly dürli meselelerden ybarat bolýan başga bir web-sahypa.
6) Examword.com – bu çeşme sözleýiş endiklerini öwrenmek üçin däl-de, söz baýlygyňyzy ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. Synagdan ýokary bal almak isleýän bolsaňyz, baý söz baýlygy bolmazdan edip bilmersiňiz.
7) Netlanguages.com — by sahypa mugt barlaýyş synagyny hödürleýär.
8) Ieltsforfree.com — bu sahypa doly synagy, ýa-da onuň aýratyn böleklerini geçmäge niýetlenendir.
9) Examenglish.com — bu sahypada diňe IELTS-i däl, TOEFL, TOEIC, CAE, FCE, KET, PET ýaly synaglaryna taýýarlanyp bilersiňiz.
10) Itests.com —hasaba alnandan soň mugt barlag synaglary size elýeterli bolar. Şeýle hem, sahypada synaga taýýarlyk ösüşiňize gözegçilik edip bilersiňiz.
11) Ielts-exam.net — IELTS synagyna taýýarlanmak üçin iň uly sahypalaryň biridir. Synagyň her bölümi üçin zerur maglumatlary tapyp bilersiňiz.
12) Scribd.com — bu ýerde IELTS ekzamenine taýýarlyk görmek üçin skanirlenen kitaplary tapyp bilersiňiz.