Germaniýada Eýnşteýn Fellowship maksatnamasy 2022

Möhleti
15.05.2022
Arza göýbermek

Germaniýada Eýnşteýn talyp haky üçin arza kabul edilişi başlady. Bu maksatnama, ozalky gözleglerinden tapawutlylykda başga bir ugurda taslama amala aşyrmak isleýän görnükli ýaş akyldarlar üçin niýetlenendir.

Talyp hakynyň maksady – Albert Eýnşteýniň göreldesine eýerip, öz hünäri boýunça ajaýyp iş etmekden başga-da, beýleki dersara çemeleşmelere açyk bolanlary goldamakdyr.

Kriteriýalar:

  • Dalaşgärler 35 ýaşdan kiçi bolmaly we ynsanperwer ylymlar, jemgyýetçilik ýa-da tebigy ylymlar boýunça ýokary bilim derejesini almaly.
  • Üstünlikli arza, teklip edilýän taslamanyň hilini, özboluşlylygyny we ýerine ýetirilişini, şeýle hem arza berijiniň ýokary intellektual ösüşini görkezmelidir.
  • Arza berijiniň işleýändigi ýa-da PhD derejesinde bolmagy möhüm däl.
  • Teklip edilýän taslama talyp hakynyň dowamynda doly tamamlanmagy hökman däl, ýöne has uzyn taslamanyň başlangyjy bolup biler.

Artykmaçlyklary:

– Mugt ýaşaýyş.

– Bäş aýdan alty aýa çenli 10 000 ýewro mukdarynda takyp haky.

– Ýol çykdajylaryň tölegleri ödenýär.

– Talyp haky döwründe maşgalaňyz ýanyňyzda bolup biler. Talyp haky olaryň ýol çykdajylaryny ödemeýär.

– Saýlaw talaplaryna laýyk bolsaňyz, teklibiň ýenilenmegi bilen indiki ýylda talyp hakyna arzany tabşyryp bilersiňiz.

Goşmaça maglumatlar:

– Talyp haky dissertasiýa gözlegleri üçin laýyk däldir.

– Teklip edilýän gözlegler mazmunda täze bolmaly. Gözleg, arza berijiniň öňki işiniň pudagyndan bolmaly däldir.

– Taslamany talyp haky döwründe tamamlamak hökman däldir. Munuň ýerine taslama has uzyn taslamanyň başlangyjy bolup biler.

– Dalaşgärleriň doktorlyk derejesiniň bolmagy hökmany däl.

Gerekli resminamalar:

– Täzelenen CV.

– Taslama teklibi (2 sahypa çenli).

– Iki sany hödürleýiş haty.

– Ýokary akademiki dereje.

– Ýokary akademiki görkezijiler.

– Pasportyň skanirlenen nusgasy.

Arza bermek prosesi:

Resminamalar bilen arza 2022-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli tabşyrylmalydyr.

Arzany we degişli resminamalary fellowship@einsteinforum.de salgy boýunça iberiň.

Has giňişleýin maglumat üçin: + 49-331-271780

Tabşyryş möhleti – 15-nji maý, 2022.

Has giňişleýin: https://www.einsteinforum.de/about/fellowship/?lang=en&doing_wp_cron=1584011961.9342501163482666015625