Merkezi Aziýada žurnalistleriň arasynda bäsdeşlik yglan edýär “Täzelenip bilýän energiýa çeşmelerine geçmek – uglerodyň bitaraplygyny gazanmakdaky goşandymyzdyr”

Möhleti
27.05.2022
Arza göýbermek

“Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa: suw, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk” (WECOOP) taslamasy, Ýewropa Bilelişigi tarapyndan maliýeleşdirilýär,  Merkezi Aziýa ýurtlaryndan žurnalistleriň arasynda “Täzelenip bilýän energiýa çeşmelerine geçmek – uglerodyň bitaraplygyny gazanmakdaky goşandymyz” atly bäsleşik üçin arzalaryň kabul edilýändigini habar berýär.

Bäsleşigiň maksady, gazylyp alynýan ýangyçlaryň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak, barha artýan energiýa islegini kanagatlandyrmak we energiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegiň zerurlygy barada habardarlygy ýokarlandyrmakdyr.

Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler aşakdaky kriteriýalara laýyk gelmelidir:

  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biriniň raýatlary (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan);
  • Ýaşy, 18 ýaşdan ýokary bolmaly;
  • Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň birinde bellige alnan metbugat işgäri bolmaly.

Bäsleşigiň ýazylan işleriniň dili rus, iňlis dilleri, ýa-da gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek dillerinde ýazylmaly emma rus we iňlis dillerine terjime edilen bolmaly.

 

Tabşyrylan işlere aşakdaky kriteriýalara laýyklykda baha berler:

  1. mowzuga gabat gelmek;
  2. meselä düşünmek we açmak derejesi;
  3. maglumatlaryň takyklygy we ygtybarlylygy;
  4. materialy görkezmegiň hünär derejesi, görkeziş stili;
  5. žurnalistikanyň etiki ýörelgelerini berjaý etmek.

 

Bäsleşigiň netijelerine görä 6 ýeňiji saýlanar (biri I, iki II ýer, üç III ýer). Ýeňijiler, Ýewropa Bilelişigiň tehnologiýalary we gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýa netijeliligi babatynda tejribe almak üçin daşary ýurt okuw saparyna gatnaşarlar, şeýle-de hem durnukly energiýa geçişinde we pes uglerodly ykdysadyýeti durmuşa geçirmekde esasy oýunçy we lider hökmünde Ýewropanyň öňdebaryjy tejribelerini alarlar. Syýahat WECOOP taslamasy tarapyndan gurnalýar we 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdirilýär.

Aýry-aýry ýazyjylaryň täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri mowzugyna bagyşlanan we çap / elektron metbugatynda çap edilen ýa-da 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2022-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli telewideniýede / radioda ýaýlyma berlen materiallar bäsleşige gatnaşmak üçin kabul edilýär. Her dalaşgär 3 ýazuw işinden köp tabşyryp bilmeýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bir anketany doldurmaly we bäsdeşlik eserleriniň faýllaryny (makala, düzme, söhbetdeşlik, surat hasabaty *, teleýaýlym / radio hekaýasy / programma) olara baglanyşyklar bilen birikdirmeli. Çap metbugatynda bolsa, metbugatyň ady we yzy bilen materialyň skanirlenen nusgasyny PDF formatda ýükläň.

Arzalar we ähli goşulan materiallar media@wecoop.eu e-mail salgysyna iberilmelidir.

Iňlis dilinde arza: https://wecoop.eu/wp-content/uploads/2022/03/Application-form_EN.docx

Rus dilinde arza: https://wecoop.eu/wp-content/uploads/2022/03/Application-form_RU.docx

Arzany 2022-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli tabşyrmaly (23:59 UTC+6). Bu seneden soň tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Has giňişleýin: https://wecoop.eu/ru/res-media-contest/