Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty “Açyk gapylar” gününi geçirer

Başlaýan wagty

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda sagat 15: 00-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Açyk gapylar” güni geçiriler.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara institutda bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim, bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.

Salgy: ş. Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47.

Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm

Web-sahypa: www.tdbsi.edu.tm

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/46473/den-otkrytyh-dverei-proidet-v-turkmenskom-gosudarstvennom-institute-fizkultury-i-sporta