Peter Drucker Challenge 2022 halkara düzme bäsleşigi
Düzme bäsleşigi, 18-35 ýaş aralygyndaky talyplar we hünärmenler üçin Peter Drucker Society Europe tarapyndan gurnalýar.
Talaplar:
– 18-35 ýaş aralygy;
– 2010-njy ýyldan bäri bu bäsleşikde iň gowy 10-luga saýlanan bolsaňyz, bäsleşige gatnaşyp bilmersiňiz. Emma, eger-de 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaş talaplaryna, hem-de aşakdaky talaplara laýyk gelseňiz, 2022-nji ýyldaky bäsleşige gatnaşyp bilersiňiz:
> (arzaňyza görä) ozal talyp bolup we häzirki wagtda uniwersitetde işläp başlan bolsaňyz;
> (arzaňyza görä) ozal talyp bolup we indi dolandyryjy ýa-da telekeçilik wezipesine geçen bolsaňyz.
Düzme boýunça talaplar:
Talyp, dolandyryjy ýa-da telekeçi hökmünde bir düzme iberip bilersiňiz (düzme tabşyrmak blankasyndaky hünäriňizi görkeziň).
Arza blankasy: https://www.druckerchallenge.org/submission/
Talyplaryň statusy:
– (bakalawr, magistr, MBA ýa-da PhD derejelerinde) doly däl ýa-da doly okuw gününde okaýan talyplar ýa-da okuwy gutaryp kär mümkinçiliklerini gözleýän dalaşgär.
Hünär kategoriýasy:
– işgärleri dolandyrmak, taslamalar, býudjetler we / ýa-da iş gidişi boýunça dolandyryjy;
– Telekeçi;
– ygtyýarly hünärmen;
– jemgyýetçilik meýletinçisi ýa-da jemgyýet lidery.
Baýraklar:
- 1000 € – 2000 €
- 14-nji Global Peter Drucker Forumyna mugt gatnaşmak,
- Ýol tölegi we ýaşaýyş ýeriniň çykdajylary ödenýär,
- foruma taýýarlanmaga bagyşlanan çärelere çakylyk,
- dabara çakylyk, baýraklar,
- şahadatnama,
- org sahypasynda düzme çap etmek mümkinçiligi.
Giriş möhleti: 31-nji maý, 2022-nji ýyl, sagat 16.00 (Merkezi Ýewropanyň wagty boýunça).
Has giňişleýin: https://www.druckerchallenge.org/home/