PhD derejesi üçin Singapurda “Singapore International Graduate Award (SINGA)” talyp haky

Möhleti
01.06.2022
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Aspirantura iňlis dilinde Singapuryň gözleg institutlarynyň barlaghanasynda geçiriler. Talyplara meşhur we dünýä belli gözlegçiler ýolbaşçylyk eder. Üstünlikli tamamlanandan soň talyplara ylymlaryň doktory derejesi berler.

Talyp hakyň mukdary:

  • Mugt okuw;
  • Uçuş petek üçin 1500 S$ -a çenli pul kömegi;
  • aýlyk talyp haky 2000-2500 S$
  • bir gezeklik göçmek üçin 1000 S$ pul kömegi.

Talaplar:

  • Bakalawr we magistr derejeleriň diplomlary;
  • 2 sany hödürleýiş haty.

Arza tabşyryş prosesi:

  1. PhD gözleg taslamalaryna göz aýlaň.
  2. Arza bermezden ozal aşakdaky resminamalary taýýarlaň.

Bellik: SINGA ofisine kagyz resminamalaryny ibermäň. Ähli zerur resminamalary portala ýüklemeli.

  • Pasport
  • Täze pasport ölçegli surat (.jpeg ýa-da .png formaty).
  • Baha tabeli we hasabatlar (terjime bilen).

Gerekli resminamalar:

  • Bakalawr we / ýa-da magistr derejeleriniň akademiki ýazgylary.
  • Bakalawr we magistr derejeleriň diplomlary ýa-da uniwersiteti gutarjakdygy barada tassyklama.
  • 2 hödürleýiş haty (hödürleýänler tarapyndan doldurylmaly we onlaýn görnüşde tabşyrylmaly).
  • NUS taslamalaryna tabşyrýanlar, GRE ballaryny SINGA arzasyna ýüklemeli.
  • Beýleki dalaşgärlerden uniwersitetlere giriş talaplarynyň bir bölegi hökmünde kanagatlanarly GRE netijelerini tabşyrmagy uniwersitetden soralyp bilner.
  • IELTS / TOEFL / SAT I we II / GATE ballaryny tabşyrmak hökmany däldir, emma kabul edilen wagtynda uniwersitet talap edip biler.

Üns beriň!

  1. Portalda hasaby bellige alanyňyzda berýän maglumatlaryňyzyň dogrudygyna göz ýetiriň, sebäbi ilkinji gezek barlananda bu maglumatlar ulanylar.
  2. Dogry talyp hakyna tabşyrýandygyňyzy anyklaň – “Singapore International Graduate Award (SINGA)”.
  3. SINGA ofisine kagyz resminamalaryny ibermäň.
  4. Arzalaryňyzy mümkin boldugyça ir tabşyryň. Bu, eminleriňize resminama tabşyrmagyň möhleti gutarmanka onlaýn hödürleýiş hatlaryny ibermäge wagt berer, sebäbi diňe iki haty bolan arzalaryň resminamalaryny barlarlar.
  5. Arzany tabşyrmazdan ozal onlaýn arza girizen ähli maglumatlaryňyzyň dogrudygyny we takykdygyny barlaň. Arzany tabşyrandan soň ony üýtgedip bolmaz.

Arzany bu sahypadan tabşyryp bilersiňiz: https://sms-applicant-app.a-star.edu.sg/LoginPage.aspx

Tabşyryş möhleti: 2022-nji ýylyň 1-nji iýuny.

Dowamy: https://www.a-star.edu.sg/Scholarships/For-Graduate-Studies/Singapore-International-Graduate-Award-SINGA#2017496-application-procedure-