Okayama Award 2022 baýragy

Möhleti
15.07.2022
Arza göýbermek

Okayama şäheri 2015-nji ýylda “Okayama” baýragyny esaslandyrdy. Bu baýrak, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň gazanylmagyna goşant goşmak we gowy netijeler bermek isleýär. Soňky ýyllarda dünýä birek-birege bagly we serhetsizleşdi we bir ýerde bolup geçýän zatlar indi dünýäniň beýleki ýerlerine-de täsir edýär. Garyplyk, howanyň üýtgemegi we biodürlüligiň ýitmegi ýaly köp sanly kynçylyklary özbaşdak çözüp bolmaýar.

Haýsy bolsa-da bir taslamanyň üstünde işleýän bolsaňyz ýa-da Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin işleýän bir gurama ýolbaşçylyk edýän bolsaňyz, bu baýragy gazanmka üçin gatnaşmalysyňyz.

Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) 17 sany global maksady, durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla gün tertibini dogry berjaý etmek üçin işlenip düzüldi, dünýä liderleri tarapyndan 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-nyň sammitinde dünýäde durnukly jemgyýetleri gurmak üçin çäreleri öňe sürmek üçin kabul edildi.

Kabul ederlik:

– ESD Okayama Award, islendik ýurtda, şol sanda Ýaponiýada ýerli jemgyýetlerde ESD maksatnamalaryny dolandyrýan toparlar üçin açykdyr.

– Meýilnamalaşdyrmak ýagdaýda durýan taslamalara bäsleşige gatnaşmaga rugsat berilmeýär.

– ESD Okayama Award baýragyny mundan öň alan guramalar baýrakly taslamalara gatnaşyp bilmezler, ýöne beýleki taslamalara gatnaşyp bilerler.

– Her gurama birden köp arzany tabşyrylyp bilmeýärler.

– Bu baýraga laýyk bolup biljek taslamalar häzirki zamanda işläp durýan taslama bolmaly we 2022-nji ýylyň 20-nji apreli döwründe azyndan iki ýyl dowam edýän bolmaly.

Artykmaçlyklary:

– Baýragy iki taslamadan köp saýlanmaz.

– Her taslama üçin baýrak mukdary 3000 ABŞ dollary.

 

Arza bermek prosesi:

Arza onlaýn ýagdaýda tabşyrylýar.

Anketany iňlis ýa-da ýapon dillerinde doldurmaly:

https://www.city.okayama.jp/kurashi/cmsfiles/contents/0000036/36349/E_form.docx

Arza görkezmeleri:

https://www.city.okayama.jp/kurashi/cmsfiles/contents/0000036/36349/E_ApplicationGuide.pdf

Giriş möhleti: 2022-nji ýylyň 15-nji iýuly, sagat 17: 00-da (Ýapon wagty bilen).

Çeşme: https://www.city.okayama.jp/kurashi/0000036349.html