Daşary ýurtly raýatlar üçin Russiýada Skolteh talyp haky (magistratura we doktorlyk derejeleri).

Möhleti
10.07.2022
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Milli we daşary ýurtly talyplar üçin Russiýada Skolteh talyp hakyna arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Bu talyp haky Russiýanyň Skolkowo Ylym we Tehnologiýa Institutynda (Skolteh) magistr ýa-da doktor derejesinde okamak isleýän daşary ýurtly talyplara goldaw bermäge gönükdirilendir.

Skolteh – Moskwada ýerleşýän hususy gözleg we akademiki institut. Massaçusets Tehnologiýa instituty (Massachusetts Institute of Technology) bilen hyzmatdaşlykda 2011-nji ýylda döredilen Skolteh täze nesli gözlegçiler we telekeçiler bilen Russiýanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň geljekde ýüzbe-ýüz bolup biljek möhüm tehnologiki gözleg meselelerini çözmek üçin taýýarlamagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Skolteh-de 136 professorlar, 143 aspirantlar we gözlegçiler, 202 inženerler we tehnikler we 1000-den gowrak talyplar bar. 2018-nji ýylyň ahyryna grantlar we gözleg-barlag şertnamalary maliýeleşdirmegiň mukdary 1 milliard rubldan geçdi we 2019-njy ýylyň ahyryna çenli 1,5 milliarda ýetdi. Skolteh Russiýa we halkara tehnologiýa liderleri – Sberbank, Gazprom, Huawei, Oerlikon we Topcon bilen bilelikde 5 sany barlaghanany işledýär.

Ähli dalaşgärler talyp haky üçin awtomatiki usulda seredilýär (okuw mugt). Şeýlelik bilen giriş prosesinden üstünlikli geçen we Skolkowo Ylym we Tehnologiýa Institutyna giren dalaşgärleriň aşakdaky artykmaçlyklary bolar:

  1. tölegsiz okuw;
  2. lukmançylyk ätiýaçlandyryşy;
  3. bakalawrlar üçin adaty talyp haky 40,000 rubl;
  4. aspirantlar üçin 75 000 rubla çenli bolup biler;
  5. maliýeleşdirmäni uzaltmak barada karary kabul ediş topary tarapyndan berilýär.

Ugurlar:

Magistratura derejesi üçin:

  1. Maglumat ylymlary;
  2. Nebit inženerligi;
  3. Fotonika we kwant materiallary;
  4. Matematiki we teoretiki fizika;
  5. Durmuş ylymlary;
  6. Kosmos we inženerlik ulgamlary;
  7. Energiki ulgamlary;
  8. Ösen önümçilik tehnologiýasy;
  9. Materiýa ylmy;
  10. Maglumat ylym we tehnologiýa.

Resminamalary tabşyrmaly möhletine üns bermegiňizi haýyş edýäris:

https://www.skoltech.ru/en/apply/msc-programs/

Doktor derejesi üçin:

  1. Matematika we mehanika;
  2. Fizika;
  3. Materiýa ylmy we inženerlik;
  4. Durmuş ylymlary;
  5. Hasaplama we maglumat ylymlary, inženerlik;
  6. Inženerlik ulgamlary;
  7. Nebit maşyn gurluşygy.

Kriteriýalar:

  • Magistr derejesiniň dalaşgärlerinde bakalawr derejesi ýa-da ş.m. ykrar edilen derejesi bolmaly.
  • Doktorantura derejesiniň dalaşgärlerinde magistr derejesi ýa-da ş.m. ykrar edilen derejesi bolmaly.
  • Arzalar ähli daşary ýurtly talyplardan kabul edilýär.
  • Dalaşgärler bakalawr derejesiniň soňky kursunda ýa-da uniwersitetiň uçurumlary bolmaly hem-de ýokarda sanalan ugurlaryň biri boýunça gowy ortaça bahany tassyklamaly.
  • Mundan başga-da TOEFL iBT boýunça azyndan 80, TOEFL ITP boýunça 450 ýa-da IELTS boýunça azyndan 6 bal talap edilýär. TOEFL ýa-da IELTS şahadatnamasy dalaşgär mundan öňki derejesini iňlis dilinde okan bolsa talap edilmeýär. TOEFL iBT üçin Skolteh kody 2909 ýa-da TOEFL ITP synagyny ýerinde tabşyryň (aşakdaky 4-nji ädimi barlaň).
  • Ynsanperwer ylymlar ýa-da jemgyýetçilik ylymlary boýunça derejesi bolan dalaşgärler Skolteh tarapyndan hödürlenýän okuw ugurlarynda ösen bilimlere eýe bolmalydyrlar.

Talyp haky üçin aýratyn arzany tabyrmak hökman däl. Ähli hasaba alnan dalaşgärleri maliýeleşdirmek üçin awtomatiki seredilýärler. Şonuň üçin Skolteh talyp hakyndan peýdalanmak isleýän dalaşgärler uniweristete arzalaryny aşakda bellenen ädimler boýunça tabşyrmaly.

1-nji ädim: registrasiýa: https://apply.skoltech.ru/

Arzanyň görkezmelerini almak üçin hasaba alyş blankasyny dolduryň. Arza blankasyny almak üçin “применить ниже” düwmesine basyň.

2-nji ädim: arzany tabşyryň.

Talap edilýän resminamalarynyň sanawyny gözden geçiriň, taýýar bolansoň maksatnama ulgamyna ýükläň we görkezilen möhlete çenli arzaňyzy tabşyryň.

3-nji ädim: onlaýn synag

Her dalaşgär onlaýn synagyndan geçmeli. Synagyňyzyň anyk senesi we wagty e-mail bilen size habar berler.

4-nji ädim: registrasiýa

Girişiň soňky tapgyry Moskwada geçirilýär. TOEFL ITP synagyny geçmeli ýa-da TOEFL şahadatnamasyny görkezmeli we şahsy söhbetdeşlikden geçmeli. Bu tapgyrda käbir ugurlar boýunça goşmaça synaglary talap edip bilerler (size öňünden habar beriler).

Gerekli resminamalar:

  1. Gysgaça mazmun;
  2. iki sany hödürleýiş haty;
  3. höweslendiriş haty;
  4. TOFL ýa-da IELTS synagynyň netijelerini saýlama hepdäniň ahyrynda tabşyrmak talap edilýär. Bu resmi synaglardan haýsydyr birini tabşyryp bilmedikler Skolteh-däki “saýlama dynç güninde” TOEFL ITP-ni tabşyryp bilerler.

Registrasiýa üçin töleg talap edilmeýär. Russiýadaky Skoltech talyp haky barada has giňişleýin maglumaty resmi sahypada okaň.

Magistr derejesiniň tabşyrylyş möhleti – 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 10-y we doktor derejesiniň tabşyrylyş möhleti – 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i.

Habarlaşmak üçin:

Email: admissions@skoltech.ru

Telephone: +7 (495) 280-14-81, soňra 3387 nomere birikdirmegi soramaly

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.skoltech.ru/en/apply/