ABŞ-da Hurford Youth Leadership maksatnamasy

English
Möhleti
31.07.2022
Arza göýbermek

Hurford Youth Fellowship, gatnaşyjylaryň ähli çykdajylaryny ödeýän doly maliýeleşdirilýän talyp haky. Bu maksatnama liderlik ukyplaryny ösdürmäge we dünýäniň dürli künjeginden ýaş demokratiýa aktiwistleriniň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň çäginde ýaş aktiwistler ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Hereket Sekretariatynda 3 aý geçirerler we şol döwürde global baglanyşyklaryny giňelderler, dünýäniň beýleki demokratik aktiwistleri bilen tejribe alyşarlar we Bütindünýä Demokratiýa Hereketiniň ösmegine goşant goşarlar.

Üns beriň: bu maksatnama, dereje alyp barýan akademiki kurslary hödürleýän bilim maksatnamasy däldir. Mundan başga-da, hünär okuw meýilnamalaryny gözleýänlere, konferensiýalara gatnaşýanlara ýa-da beýleki guramalar bilen tejribe geçýänlere maddy goldaw bermeýär.

Maksatnamanyň artykmaçlyklary:

– Aýlyk talyp haky;

– Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy;

– Gidiş/gaýdyş uçuş tölegleri ödenýär.

Gatnaşyjylar indiki çarelerde ýer alyp bilerler:

– Demokratiýanyň bellenilen mowzuklary bilen baglanyşykly bir mowzuk boýunça gözleg geçirmek.

– Baglanyşykly neşirleriň we okuw materiallarynyň ýygnamak ýaly onlaýn çeşmeleriň düzülişi.

– Onlaýn maslahatlar.

– Bütindünýä hereketiniň sosial ulgamlardaky neşirlerine gatnaşmak.

– Bütindünýä Hereketiniň beýleki çärelerini meýilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde gatnaşma.

– Meselelere düşünmegi çuňlaşdyrmak we iş gatnaşyklaryny gurmak üçin Waşingtondaky degişli çärelere we gepleşiklere gatnaşmak.

Şeýle hem, gatnaşyjylar maksatnamanyň döwründe azyndan bir resmi prezentasiýany geçirer. Prezentasiýalar ähli adamlar üçin açyk ýa-da has saýlanan diňleýjilere gönükdirilip bilner we adatça gözlegçiniň gözleg mowzugyna gönükdiriler.

Talaplar:

  • Gatnaşyjylaryň ýaşy 30 ýaşa ýetmedik bolmaly.
  • Demokratik işjeňlige we öz jemgyýetlerinde, şeýle hem bütin dünýäde demokratiýany ösdürmäge uly gyzyklanma bildirmeli.
  • Iňlis dilini ýokary derejede bilmeli.
  • Hiç hili akademiki çäklendirmeler ýok.
  • Dünýäniň dürli künjeginden arzany tabşyryp bilerler.

Dalaşgärler aşakdakylary üpjün etmeli:

– Arza;

– CV / rezýume;

– Iki sany hödürleýiş haty;

Ähli arzalary onlaýn görnuşde portala ýüklemeli:

https://www.nedfellowships.org/Start/Hurford

Has giňişleýin maglumat üçin:

Tel.: +1-202-378-9700

E-mail: youthfellows@ned.org

Website : www.movedemocracy.org

Tabşyryş möhleti: 31-nji iýul, 2022.

Has giňişleýin: https://www.movedemocracy.org/wp-content/uploads/2022/06/Hurford-Youth-Fellows-Program-Information-Booklet-and-Application-Guidelines-2023-Application-.pdf