Magistr 2022: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

Başlaýan wagty
  1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).
  2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy).
  3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgasy ýa-da diplomyň tassyklanan göçürmesi (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 12-13-üne geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa, gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş — halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we iňlis dili;

taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy — halkara hukugynyň nazaryýeti we iňlis dili;

taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — žurnalistikanyň nazaryýetiniň esaslary we iňlis dili.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25; tel.: 22-68-50.