Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar We Informatika Instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

Başlaýan wagty

Hünärmen maksatnamasy:

  1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; programma inženerligi; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).
  2. Maglumat howpsuzlygy (hünärler: maglumat howpsuzlygy; telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy).
  3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; infokommunikasiýa tehnologiýalary; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary).
  4. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).
  5. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).
  6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; logistika).
  8. Bakalawr maksatnamasy:
  9. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)).

Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary görkezilen ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny (asyl nusgasy).

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Taýýarlygyň awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) ugry boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler iňlis dili boýunça söhbetdeşlik geçýärler.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13, tel.: 49-35-86, 49-44-21.