ÝHHG Bişkek şäherindäki akademiýasynyň ykdysadyýet boýunça bakalawr maksatnamalary üçin talyp haky, 2022 – 2023 okuw ýyly üçin
Bişkekdäki ÝHHG-niň akademiýasy 2002-nji ýylda Gyrgyzystanyň hökümeti we Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan döredilen jemgyýetçilik fondydyr. Bu bakalwr, aspirantura, gözleg we intellektual alyş-çalyş arkaly ÝHHG-niň ýörelgelerini we gymmatlyklaryny öňe sürýär.
ÝHHG Akademiýasy “Ykdysadyýet” ugry boýunça Bakalawr maksatnamasyna kabul etýär we her ýyl ýokary bäsdeşlik esasynda jemi 20-25 okuwçy kabul eder. Ýokary okuw we iş tertibi bolan halkara ösüş gözlegleri, ykdysady dolandyryş we ösüş soraglary boýunça bilim almak isleýän zehinli dalaşgärler üçin döredilendir.
Maksatnama 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlar. Okuw gündizki görnüşde okalýar we okuw döwründe talyplardan Bişkekde ýaşamagyny talap edýär.
Giriş talaby:
Gatnaşmak isleýänler aşakdaky giriş kriteriýalaryna laýyk gelmelidir:
- Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň biriniň raýatlygy
- Orta we orta hünär bilimini üstünlikli tamamlamak (orta bilimiň şahadatnamasy ýa-da orta hünär biliminiň diplomy)
- Iňlis diliniň ýokary derejesi
Maliýe goldawy / talyp haky:
- Okuw tölegi
- Aýda 110 ýewro talyp haky (4 ýyl)
- Iki tarap uçuş petegi (ekonom klas) we ýurtdan Bişkek şäherine wiza çykdajylary.
- Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy (Gyrgyzystanyň raýatlaryndan başga)
Arzaňyzy tabşyrmak üçin onlaýn sahypa dörediň we formany dolduryň:
1-nji tapgyra, 8.08.2022-den (Türkmenistan wagty 7:00) 14.08.2022-e çenli (Türkmenistan wagty 13:00).
Aşakdaky baglanyşyk (çeşme) arkaly resminamalaryňyzy iberiň (google formasy):
Onlaýn synag: Matematika we Iňlis dili, TBC, ZOOM baglanyşygy.
Resminama başlanýan senesi: 8.08.2022 (Türkmenistan wagty 7:00)
Resminama gutarýan senesi: – 14.08.2022 (Türkmenistan wagty 13:00)
Has giňişleýin maglumat üçin ba-econ@osce-academy.net e-mail bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris
Diňe üstünlikli dalaşgärler we üstünlikli synaglardan geçenler bilen habarlaşylar!