22
Jun

Morgan Stanley-de Tejribe Mümkinçilikleri

Morgan Stanley-de Tejribe Mümkinçilikleri

Morgan Stanley — dünýäniň öňdebaryjy global maýa goýum banklarynyň we maliýe hyzmatlar kompaniýalarynyň biri. Kompaniýa maliýe, tehnologiýa, hukuk, töwekgelçilikleri dolandyrmak we beýleki ugurlar boýunça bilim alýan talyplar hem-de ýakynda okuwy gutarýan uçurymlar üçin birnäçe ýurtda tejribe mňmkinçiliklerini we tomusky analitik programmalaryny hödürleýän Global Kampus Programmalary portalyny alyp barýar. Häzirki wagtda aşakdaky ýurtlarda 34 açyk mümkinçilik bar:

  • Wengriýa
  • Fransiýa
  • Germaniýa
  • Beýik Britaniýa
  • ABŞ
  • Awstraliýa
  • Meksika
  • Ysraýyl
  • Braziliýa

Iş ugurlary: Maýa goýum bankingi, Tehnologiýa, Satuw we söwda, Maýa goýumlaryny dolandyrmak, Töwekgelçilikleri dolandyrmak, Maliýe, Hukuk we laýyklyk, Baýlygy dolandyrmak, Adam resurslary (HR), Operasiýalar.

Arzalary kim tabşyryp biler
Maksatnamalar dürli derejeli talyplar we ýakynda gutarýan uçurymlar üçin niýetlenendir: bakalawr talyplar (Tomusky Analitik, “Off-Cycle” tejribe mümkinçilikleri), MBA derejsiniň talyplary (Tomusky Assosiýat, Early Insights) we PhD derejesini alan hünärmenler (Maşyn öwrenmek boýunça gözleg assosiýaty). Kriteriýalar anyk wezipä we ýurda görä üýtgeýär.

Arzany nädip tabşyrmaly
Arzalar morganstanley.tal.net sahypasynda ýerleşýän Morgan Stanley-niň Kampus Portaly arkaly kabul edilýär. Dalaşgärler hasap döretmeli we saýlan wezipelerine göni arzalaryny tabşyrmaly.

Möhlet
Ähli wezipeler üçin ýeke-täk möhlet ýokdur — her wezipäniň öz senesi bardyr. Dalaşgärler portaldaky her bir wezipäni aýratynlykda barlamalydyrlar. 2026-njy ýyl üçin köp sanly wezipe eýýäm yglan edilendigini göz öňünde tutup, arzalary mümkin boldugyça ir tabşyrmagy maslahat berýäris.

Çeşme: https://morganstanley.tal.net/vx/lang-en-GB/mobile-0/brand-2/xf-3d1aae0a1028/candidate/jobboard/vacancy/1/adv/