Türkmen Medeniýet Ministrligi halkara hekaýalar bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär
Türkmen Medeniýet Ministrligi Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli yglan edilen, Mahmyt Kaşgarly adyndaky VIII Halkara hekaýalar bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär.
Bäsleşige öň metbugatda çap edilmedik we hiç hili çeper eser bäsleşiklerinde baýrak almadyk hekaýalar kabul edilýär. Hekaýalar islendik mowzukda bolup biler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 31-nji iýula çenli hekaýalaryny (çap edilen we elektron görnüşde), şeýle hem beýleki degişli resminamalaryny (pasportyň göçürmesi, terjimehaly, lakamy, suraty, ýaşaýan salgysy, iş ýa-da okuw ýeri, telefon belgisi) Türkmen Medeniýet Ministrliginiň sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salgysyna ibermelidirler.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlara şu aşakdaky baýraklar gowşurylýar: :
- Birinji orun: 45 000 türk lirasy;
- Ikinji orun: 25 000 türk lirasy;
- Üçünji orun: 15 000 türk lirasy;
- Höweslendiriji baýrak: 10 000 türk lirasy.
Bäsleşigiň şertleri barada has giňişleýin maglumat almak üçin Medeniýet ministrliginiň web-saýtyna girip bilersiňiz.
Arzany tabşyrmak üçin soňky möhlet: 31.07.2026